a_e_r
09.08.2023 00:05

#Zynjyry döwme

Size şu gün eşiden wagtymdan ( 2 ýyl  mundan ozal)   bäri  mümkin boldugyndan hiç sypdyrman ulanyp gelýän  bir  prinsipimi  paýlaşmakçy, ,, Zynjyry döwme" bu  prinsipi başda  Baris Ozcandan öwrenipdim. Bu  prinsipi  öwrenenimden bäri  durmuşymyň tas kem  hemme bölümlerinde ulanmaga başladym we gaty  peýdalydygyny  gördüm. Ulanmasy gaty ýeňil : ",, Özüňe  maksat  goý we şol maksada ýetmek üçin her gün bir zat et!". Edenden  soň bolsa  eliňe bir kalendar al we şol günüň üstüne ulakan bir  bellik goý ( meselem iks ><) ." Her gün bu tertibi gaýtala, kalendary ikslerden"  doldur. Yzly-yzyna gelen  bu  ikslardan güýçli bir zynjyr döret. Täze  maksadyň bu zynjyry  döwmezlik bolsun. Meselem geçen ýyl bu prinsipi ulanan  görnüşlerimiň biri  matematikada  boldy (olimpiýada-da 1-nji bolmak). Men  her gün  özüme  20 mysal  şert goýdum we her gün 20 mysal işläp kalendara bir iks belligi goýdum. Aýlar geçdigiçe bu ikslar bir zynjyra öwrüldi  we zynjyr uzaldygyça ony döwmejek bolup ony özümiň endigi etdim. Ahyry, men maksadyma  ýetdim. 


        Muny sizem ýeňillik  bilen  durmuşyňyzda  ulanyp bilersiňiz. Ilki  bilen  "özüňizip  öňünde  maksat"  goýmaly. Meselem  mundan beýläk  has sagdyn adam boljak ýa-da  has işeňbir okuwçy boljak, hünärinde  has  ökde bir  işgär bolmak, has medeniýetli , sylaşykly bolmak (munuň  üçin her gün adamlara gowy söz aýdym kalendara bellik  goýup bilersiň). Bolmasa-da  hemmämiz  şol  bir maksat  edineliň  indiden  beýläk  ulanmak üçin. Her gün 10 min kitap okap bilers, ýazgy ýazyp bilers , kino görüp  ondan  gündeligimize bellik edinip bilers, her gün gowy söz ýazyp bilers..., emma her  gün etmeli unutmaň! Edilmesi  kyn däl maksat ýaly görüýär. Meselem  " Her  gün  10  minut  kitap  okajak" diýsek, ýa näme  10 minut her gün okaryn diýip bilersiň ,emma  unutma her gün etmeli. Ony etmegiň has ýeňil ýoly maksady ikä böl. Her gün 10 deregine 5 min oka ( kähalatlar garaşylmadyk ýagdaý bolanda-da okar ýaly). Ine bu prinsipi etmek kyn däl bolsa gerek. Özüňize bir gowylyk ediň we bir ulakan kalendar alyň. Soňra-da ony her gün görüp biljek ýeriňize asyň. Beý diýmegimiň sebäbi siz ony görüp zynjyry döwmez ýaly her gün gaýtalamaly.  Şunuň ýaly

 (nusga suraty ýokarda goýdum)

 Hatda birden köp maksat edip, birden köp zynjyr döredip bilersiňiz( meniň ýaly). Okanyňyz üçin sag boluň göwnüňize ýarandyr diýip umyt edýän . Bariş Ozcaniň doly wideosyny görmek üçin aşaky linke basyp bilersiňiz. Indiki makalada görüşýänçäk hoş sag boluň!


Wideosy 👇

https://gozle.com.tm/videos/watch/3361

39
187
gunesh_
10 Awgust 2023
@a_e_r, onda altyndan hem gymmat hazyna bolardy biz üçin:)
a_e_r
9 Awgust 2023
@jeren_seyitniyazowa, Hawa,belki-de biz şolar ýaly adam bolsak..
gunesh_
9 Awgust 2023
Barış Özcanıň hemme videolary hemişe meni özüne çekip geldi, şolar ýaly adamlar dünýäde köpelse dünýä has gowy ýer bolardy. Makala üçin minnetdar. 😊👍
perish
9 Awgust 2023
👍
rhgb
9 Awgust 2023
👍👍👍gowy we peydaly
g888
9 Awgust 2023
Gowy maksat
moonlight
9 Awgust 2023
Gowy maslahat👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.