gullnara_
08.08.2023 13:36

Düýş.


Gadymy döwürlerde gündogaryň beýik şalarynyň biri erbet düýş görüpdir. Düýşünde yzly-yzyna onuň ähli dişleri gaçýarmyş.

Howsalaly ýagdaýda turup ýanyna haý diýmän düýş ýorujyny çagyrypdyr. Ol düýşini diňläp şeýle diýipdir:- Meniň hökümdarym, size bir erbet zady aýtmaly bolýaryn. Siz öz ýakynlaryňyzy yzly-yzyna ýitirersiňiz.Bu sözler patyşanyň gaty gaharyny getiripdir.Ol günäsiz düýş ýorujy pahyry zyndana saldyryp, başga düýş ýorujyny çagyrdyp getiripdir. Ol hem düýşi ünsli diňläp şeýle diýipdir:- Hökümdarym, size örän gowy täzelik aýdasym gelýär. Siz öz ýakynlaryňyzdan hem has uzak ýaşarsyňyz.Patyşa jogapdan kanagatlanyp, örän begenipdir we düýş ýorujyny uludan serpaýlapdyr. Bu bolýan zatlary daşyndan synlap duran köşk emeldarlary geň galyp:- Sen hem edil öňki düýş ýorujynyň aýdan zatlaryny aýtdyň-a. Ýöne näme üçin patyşamyz ol görgülini zyndana salyp, seni halatladyka? – diýişip düýş ýoruja sorag baryny ýagdyrypdyrlar.Düýş ýorujy bolsa ýylgyryp olara şeýle jogap beripdir:

- Biziň ikimizem düýşi meňzeş ýorduk. Ýöne esasy zat hem ony nädip aýdyşyňa baglydygyndadyr.

29
180
alma___
8 Awgust 2023
Ýerini bilip sòzleseñ dildir dašyñ galasy.ýerini bilip sòzlemeseñ dildir başyñ belasy
okayjy
8 Awgust 2023
📌 Gürlemek we Gürlemäni bilmek bar. Mysal üçin köp adam ikinjini bilmeýär...👍
2525
8 Awgust 2023
Salam
g888
8 Awgust 2023
Ugurtapyjy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.