garik
08.08.2023 08:27

Gyz perzent mydama mähirli bolýar,

Gyzyñ bolsa jennetdedir ornuñyz.

Köpler ogyl dilär alladan mydam,

Aýdyñ haýsy oguldan kemdir gyzyñyz.


Gyz jigiñ bar bolsa bilýär oglanlar,

Olar mydam ýygnap gezýär yzyñyz,

Kakasyna oguldan hem mähirli

Seredip gezýändir bolsa gyzyñyz.


Gyz perzent ojagña myhman bolýandyr,

Haklap gider siziñ beren duzyñyz,

Pyhambermiziñem ogly bolmandyr,

Elýetmez bagtdyr bolsa gyzyñyz.

25
92
garik
8 Awgust 2023
@rhgb, Meñ kärim şahyrçylyk däl şonuñ üçin kellede agyrdamok olar ýaly zada. Mr.
rhgb
8 Awgust 2023
Sağ boluň sizede ustunlik. Siz yazyjylar agshamyna gatnashyanyzmy? Siz nirede ozi?
garik
8 Awgust 2023
@rhgb, galamyñ ujy ýiti bolsyn şowlylyk diñe☝️
rhgb
8 Awgust 2023
Malades. Menem yazyan yöne bu dereje gowy dal
garik
8 Awgust 2023
@7898, sps
garik
8 Awgust 2023
@rhgb, kä wagt boşan wagtym çyrşan bolýas
rhgb
8 Awgust 2023
Ay nahili Onat goshgy siz duzdunizmi
garik
8 Awgust 2023
Sps @9404,
garik
8 Awgust 2023
@mawy, awtor (@garik, )
9404
8 Awgust 2023
Gowy gošgy👏👏👏❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.