halmyradov
07.08.2023 12:58

Juwan wagtyň – bilip baýlygyň gazan,

Garran wagtyň – şonuň üstünde uzan.


* * *

Halkyň wah diýmese ýykylan günüň,

Bilip goýgun: ýazyk özüňde seniň.


* * *

Zähmet çekip alnan ýekeje manat

Sowgat berlen tutuş haznadan gymmat.


* * *

Gün şöhlesin aňlamasa gijekör,

Günmi, gijekörmi – haýsy günäkär?


* * *

Kesel bardyr – şeker bilen bejärler,

Kesel bardyr – zäher bilen bejärler.


* * *

Bolupdyň öýkenmiň, bagrymyň dosty,

Ýüregmiň,

Ömrümiň,

Şygrymyň

Dosty.

Meniň ýalňyşymyň dosty bolmandyň,

Bolupdyň hemişe rastymyň dosty.

Ýa-da duşmanymyň dosty bolmandyň,

Bolsaň-da bolupdyň dostumyň dosty.

Beýle yssy mähre gabat gelmändim,

Mähriň güýji ähli yssyny basdy.

...Indi şol yssydan hiç zat galmady,

Ýürek bar alanyn yzyna gusdy.

Indi nije ýyllar kimdir birisi

Gözüme üýtgeşik görünse yssy.

Sanap ýüregmiň üsti hem asty,

Iň mukaddes zatlar çozýar üstüme –

Ýalňyşyma däl-de, ähli rastyma,

Bar ýaly kasty.

17
82
bamy
7 Awgust 2023
Gözüme üýtgeşik görünse yssy..
guli_
7 Awgust 2023
Beyle yssy mahre gavat gelmandim
Mahrin guyji ahli yssyny basdy
Indi sol yssydan hiczat galmady
Yurek bar alanyn yzyna gusdy 👏👍
g888
7 Awgust 2023
Mlds👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.