Ýalan ýylgyrşymy saklap gaýgymy
Bagtly ýaly görünmekden ýadadym
Ses edip gülýäkäm asyl kalbymda
Sessiz sessiz aglamakdan ýadadym
Ýadadym hemme zat gelýär üstüme
Bary çykan ýaly meniň kastyma
Doýmadyňmy durmuş gynap aýtsana
Güýçli yaly görünmekden ýadadym