PISTOLEDI DÖREDEN ADAMA
Wah ýaşuly...
Seň döreden enjamyň, Buşluk bolup, awçylary güldürdi. Yöne awçylygyň çäginden çykyp, Ençe günäsizi yere gömdürdi.
Buysanyber, nice ýyllar geçse-de, Könelmedi onun "pistolet" ady. Soň dörejek howpdan habarsyz biri, Ylhamyndan döretdi "awtomady".
Indi ol kiçijek demir enjamyň, Haýaldan özgerip, täsiri ösýär. Uzak menzillere salymda ýetip, Yüzlerce adamyň deminden kesýär.
Haýsy niýet bilen döretdiň diýip, Barardym ýanyňa, soramak üçin. Menem götermeli şol zady welin, Maksadym- Watany goramak üçin.
Durdygylyç Ýarjanow
(Ilkinji pistolet 1831-nji ýylda
amerikan alymy Samuel Kolt tarapyndan oýlanyp tapylýar)
Goşgy paýlaşmak trend öýdýän.Bizem akyma garşy ýüzmäli...;)
Okanyňyz üçin sag boluň.Gijäňiz rahat bolsun!