a_e_r
05.08.2023 23:04

"Iki adam tokaýda agaç çapýardy. Birinji adam irden turup, agaçlary kesip başlardy we bir agaç ýykylanda derrew beýlekisine geçerdi. Gündiz günortanlyk üçin dynç almaýardy we wagt sarp etmeýärdi. Agşam dostundan birnäçe sagat soň agaç kesmegi bes etýärdi. Ikinji adam bolsa bir gezek dynç alýar we garaňky düşüp başlandan öýüne gaýdýardy. Bu ädim bilen bir hepde işlänlerinden soň, näçe agaç kesendikleriini sanap başladylar. Netije: Ikinji adam has köp agaç çapypdy. Birinji adam gaharlandy: “Bu nädip bolup biler? Men has köp işledim. Men senden has ir işe başladym, senden soňrak gutardym. Nädip has köp agaç kesýärsiň, bu işiň syry näme? " Ikinji adam ýüzüne ýylgyryp jogap berdi: “Gizlin zat ýok. Siz dyngysyz işleýän wagtyňyz, men bir gezek dynç aldym we paltamy çarhlaýardym(ýiteldýärdim). Ötgür palta bilen has köp agaç kesilýär. ” Özümizi ösdürmek, paltamyzy ýitileşdirmekdir. Özümiz üçin wagt gerek we durmuşymyzy obýektiw nukdaýnazardan gözden geçirmelidiris. Gowşak ýerlerimizi gowulaşdyrmak üçin tagalla edýär. Bu, aňymyzy, ruhumyzy we häsiýetimizi berkitmek üçin aýrylmaz şertdir. Delfidäki meşhur ybadathanada Platonyň: "Adam özüňi tana"diýilýär. Öz-özüňi bilmek, häzirki nirededigimiz bilen nirede bolmak isleýändigimiziň arasyndaky ýoldyr. Öz-özüňi bilmek, özümizi nähili görýändigimiz bilen beýlekileriň nähili görýändigi arasynda hiç hili burçuň ýokdugyny aňladýar. Şahsy we iş durmuşymyzda üstünlikli, bagtly we kanagatly bolmak isleýän bolsak, paltamyzy ýiteltmek üçin wagt sarp etmelidiris."


- Meniň hekaýalar düwünçegimden

27
70
bamy
6 Awgust 2023
Täsirli hekaýa👍
a_e_r
6 Awgust 2023
Sag boluň:D
dayaw
6 Awgust 2023
Gowy hekaya
g888
6 Awgust 2023
Ajaýyp hekaýa👍🏻
okayjy
5 Awgust 2023
Täsiri peselmeýän hekaýalardan biri... 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.