Salam-salam ýitip gitmez, bilýärin,
Sen bar ahyr bir künjünde dünýäniň.
Ýöne käte ýalňyzlygmy ýanja-da,
— Biljek boldum, menden soňam gülýämiň
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Durmuşdyr bu, käte göwnüň ýykylar,
Bolup durmaz öňden eden çakyňam.
Meň belgimi telefondan pozsaňam,
— Aldym dostlaryňdan belgiň tapybam
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Ýalňyz wagtyň ýalňyşmarsyň sygynsaň,
Ahmyryňy saklap biljek syryň men.
Ýa bolmasa, gowluk wagty hemme zat,
— Gürleşäýin diýdim, ýöne şu gün bir...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Seni söýüp, gabanmaklyk adatym,
Ýöne indi ýogam onuň hajaty.
A şonda-da, köne tanşyň hasaplap,
Hemişe däl, käwagt bir
— Ýatladym...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Dogry, menem ýatlanmagmy islämok,
Boýn alaýyn, ýat bolmagam islämok.
Ýöne käte
— Gowy bolar hemme zat,
Bolan zatlar däldi meňem islänim
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Allanur ÇARYÝEW