gullnara_
05.08.2023 14:23
Birentek gyz köçede,
Namysy ýok, ary ýok.
Indi moda boldumy,
Köp gelinleñ äri ýok.
Ýüz gözleri kraska,
Hic biriniñ nury yok.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Gözellik salonynda,
Häzirki gyzlaň ünsi.
Şol sebapli boşayar,
Nebir oglanlañ jubsi.
Nebir turkmen gyzlarnyñ,
Indi aýakda jinsi.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Gaşlaryny jürtkeläp,
Saçlaryny kesýärler.
Ökjeli köwüş geýip,
Ýerden biraz ösyärler.
Toý tomukda bildimän,
50 gram süsÿärler.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Köýnekleri dar biçüw,
Ýakalary giñ açyk.
Häzirki gyzlar ucin,
Alçy gopdy ak ašyk
Gelinler äri bilen,
Indi otyr sanašyp.
Bu zatlara günäkar,
Döwürmi ya özümiz

Köp gelinler daksa-da,
Eline nika ýüzigni.
Ynam barmy olara,
Olañ päli düzüwmi.
Suwulgan dek sorýarlar,
Ýat erkekleñ ýiligni.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Indi biler yaly däl,
Haýsy gyza öýlenjek.
Bir gyz bagt getirse,
100 gyz hasrat getirjek.
Gelinler hyzmat etmän,
Içki jaýda otyrjak.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Indi adat bolupdyr,
Telefonda tanyşmak.
1 hepde geçip geçmän,
Gyzy ogurlap gaçmak.
100% gelniñ 90-yndan
Asla görmersiň ýaşmak.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Soňlayyn bu goşgyny,
Öz janymy gynaman.
Durmus gülüp bakmaz hic,
Bizi biraz synaman.
Gyz gelinlar yaşayar,
Erkekleri sylaman.
Bu zatlara günäkär,
Döwürmi ya özümiz.

Kerim Hally
30
335
dowrann
5 Awgust 2023
@wolf, tmkarsda gordum Habib Elon Maska turgenlesdirmekden yuz owurdi dp
milasxka
5 Awgust 2023
💐🌹
Miss_Minnosh❤️
5 Awgust 2023
Ozumizz👍🏻
milasxka
5 Awgust 2023
@peri_04, 😂👌🏻
orazow96
5 Awgust 2023
Betje bir gelin alan bolmalda
milasxka
5 Awgust 2023
@peri_04, yio nm yazjagmy blmk
wolf
5 Awgust 2023
Dowrann uruşjaklaryny uruşdylar damay 😕
wolf
5 Awgust 2023
Guzela dogry yone ýaşamagyñ düzgünleride bar ))
dowrann
5 Awgust 2023
Mark bilen Elon Maskyn urusjak bolyany cynmyka ya yalanmyka ???????
milasxka
5 Awgust 2023
@peri_04, 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.