Bir wagtlar ylymdan ýüki ýetik beýik alym bolupdyr. Alym medresesinde talyplara ders bermekden başga wagt söwda bilenem meşgullanýan eken. Ol täjirleriň üsti bilen uzak ülkelere kerwen ýollaýan eken.
Günleriň birinde ussat talyplara sapak berip otyrka, bir adam gelip, oňa şeýle diýýär:
– Tagsyrym! Bize seniň harydyňy getirýän gäminiň gark bolandygy barada habar geldi. Gynansak-da, harytlary gämiden alyp bilmändirler.
Alym birbada sapagy togtadýar. Şol pursat talyplar onuň çalaja ýylgyrandygyny görýärler. Soňra ussat hiç zat bolmadyk ýaly, sapagyny galan ýerinden dowam edýär.
Bir hepdä golaý wagt geçenden soň, ussat hemişekisi ýaly talyplara sapak düşündirip otyrka, geçen gezekki gelen adam gapydan girýär:
– Tagsyrym, buşluk! Gark bolan gämi seniň ýüküňi getirýän gämi däl eken. Siziň harytlaryňyz ýüklenen gämi sag-aman gelipdir.
Ýene geçen gezekki ýagdaý gaýtalanýar. Alym çalaja ýylgyrýar-da, sapagyny dowam etdirýär.
Talyplar ussatlarynyň bu bolşuna haýran galýarlar. Olar alymdan:
– Näme üçin siz erbet habar gelende-de, gowy habar gelende-de şol bir bolşuňyzy üýtgetmediňiz?! Ýöne ýylgyryp oňaýdyňyz. Munuň hikmeti nämekä? – diýip soraýarlar.
Parasatly alym şeýle jogap berýär:
– Gäminiň gark bolanyny eşidenimde, men nebsim bilen ýüzbe-ýüz boldum. Öz-özüme «Indi men geldi-geçer dünýe baýlygy üçin, mazarymda ýoldaş bolmajak zatlar üçin gynanýanmy?!» diýip soradym. Şonda kalbymda zerre ýaly ahmyryň ýokdugyny görüp begendim, Alla şükür etdim. Gäminiň gark bolmandygyny eşidenimde bolsa, dünýe malyny ýygnaýanyma-da zerre ýaly begenmedim. Alla alanda peselmedim, berende-de eselmedim. Munuň üçin Beýik Biribaryma şükür etdim.