sweetify
04.08.2023 15:06

Adam bedeniniň agzalarynyň aýdyşygy #Öz bedeniňki hem şeýlemi🙃


Aýak:

Ir säherden başlap agşama çenli,

Eýäm egnime edýärin hopba.

Azajyk dynç alýan aralygynda,

Üýtgeşik gep tapsa, Delräp zat tapsa.

Ol bolmasa elmydama ýolma men,

Günüm kynrak, şeýleräjik halda men.


Gulak:

Eýýämiň kellesi uçar guş bolsa,

Mendirin ol guşuñ goşa ganaty.

Soñky habarlaryñ kabulhanasy,

Agzalar içinde tarhandyryn men,

Ýele göwsün geren ýetkendirin men.


Burun:

Yza galyp ýörseñ gowy görmezler,

Onsañ haçan görseñ, gürrüñ sen, gep sen.

Bir duran ýerimde duramok hergiz,

Nirä barsam sokulýaryn iş tapsam.


Dil:

Otuz ikiñ añyrsydyr mekanym,

Göräýmäge buky ýerde öýüm bar.

Şonda-da ýetmeýän ýerim ýok meniñ,

Göz degmesin, gulaç ýarym boýum bar.


Ýüz

Dat meniñ günüme indi boljak däl,

Başym alyp gidäýmesem tokaýa.

Öňler şöhle saçýan güler ýüzdüm men,

Indi dönüp galdym galyñ çokaýa.


Halyl Kulyýew

1977

26
87
okayjy
4 Awgust 2023
Öñler şöhle saçýan güler ýüzdüm men...👍
sweetify
4 Awgust 2023
@birijikprenses, sagbol🥰😘
dayaw
4 Awgust 2023
Gyzykly post
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.