gullnara_
04.08.2023 14:52
Öz çagasyny özi öldüren kaka.

Tahyr Aýjemal bilen toý tutanyna eýýäm 8-9 ýyl geçipdi.
Wagtyň çalt geçäýşini.Özi bilen deň toý edenleriň eýäm iki üç çagasy bardy
Bularyň bolsa ýekeje ogly bardy. Şatlykjan dünýa inende agramy uly bolup keserewo kesimi bilen bolupdy.
Ozal hem tutyş göwrellik döwründe berk gözegçilikde duransoň, çagasy bolanda-da howp abanypdy.
Tahyr bilen Aýjemalyň gan topary we ganyň resus faktory otrisatel gelip çaga howp salypdy. Lukmanlaryň tutyş göwrelik döwründe ünsden düşürmänjik berk gözegçiliginiň astynda Şatlyk dunýa inipdi
Ondan bäri 4-5 ýyl geçdi. Aýjemalyň göwresinde soň çaga galmady.
Her ýerde ýatymlaýyn bejergi alyp çykdy, ýöne peýda bermedi.
Halys ukoldan bejergiden ýadan Aýjemal ýekeje ogly Şatlyjygyň jany sag ulalmagynyň aladasynda boluberdi.
Şatlyjak gaty garagoljady, enaýyja, şadyýanjady.
Kiçiligine garamazdan şeýle bir tansa ökdedi .
Çagalar bagynda onyň gatnaşan her bir çykyşlary hemmeleriň göwnünden turardy.
Küşt depdi, lezginka tanslary gaty gowy ýerine ýetirerdi
Tahyr Aýjemal bilen maslahatlaşyp Şatlyjygyň zehini köýmesin diýip şaherdaki tans gurnagyna ýazdyrdy we şol taýda ol durli çärelere gatnaşyp başlady
Adaty gündi.Dynç güni bolansoň köçäň çagalar bagyna gatnaýan çagalarynyň bary öýdedi we bular üýşüp gizlenpeçek oýnuny oýnaýardylar.
Tahyryň uly maşyn ulagy ýolyň gyrasynda durdy. Çagalar maşynyň daş töwereginde gizlenip, onuň yzky uly tigirini bolsa, pellihana edipdiler. Birinji çykan çaga şo taýda durup ýüzini tigre ýaplap, beýlekiler gizlenip bolýanja garaşmaly ýeridi
Bu gezek bolsa Şatlyjyk utulypdy we ýüzjagazyn tigre ýaplap sanap başlady
Dynç alyp öýden çykan Tahyr çagalaryň oýnyna üns bermän, göni maşyny otlady we yza sürende waaaaaaý diýen sözi eştmän, göni ýola maşynyny öwürdi.
Ol barmana beýleki çagalar gygyryşdylar:
— Tahyr kakaaaaa Şatlyk maşynyň aşagynda galdy: - diýip
Çagalaryň gohuna Tahyr maşyndan böküp düşdi, görse ýeke dikrary Şatlykjan gana bulaşyp ýatyr
-Wah Allajan diýip çagajygyn alyp Aýjemalada gygyrman göni maşyna ýükläp hassahana sürdi...
Aňyrdan çagalaryň
- Aýja gelneje Şatlygy maşyn basdy, Tahyr kakam dutora äkitdi diýip aýdanda Aýjemal sesini çykarman özüni ýere berdi.
Bularyň gohuna goňşy gelin ylgap geldi. Tahyryň telefonyna jaň etseler, oda öýden jyrlady, telefony öýde goýup gidipdir
Goňşy gelin adamsyna aýdyp maşynyny otlap Aýjemaly hem alyp hassahana tarap ugrany hem şoldy welin Tahyr ses edip Şatlyjygy bagryna basyp öýe getirdi.
Tötänlikde bolan bu elhenç waka özini günäkärlap, akly huşy serden uçdy. Tahyry köşeşdirmek uly ile iş boldy.
Aýjemal bolsa bir gysym bolup bagryny ýere berdi. Ondan bolsa ne ses çykdy ne-de seda
Çagajyk elden gitdi.Öý boşap galdy. Şatlyjak bilen öýiň şatlygy ,bagty hem giden ýaly boldy ...
Adam ömründe her hili garaşylmadyk ýagdaýlar durmuşda gabat gelýar.
Her bir kynçylygy ýeňip geçmek biziň özünize bagly we adam başy daşdan gaty diýleni dogry eken...

Nowça Alyýewa
34
275
kese
5 Awgust 2023
BETEINDEN GORAWERSIN ALLAJAN
otuzow_
5 Awgust 2023
Örän gynançly waka hiç kim bular ýaly ýagdaýa düşmesin
rhgb
4 Awgust 2023
Şaka dal waka
rhgb
4 Awgust 2023
Durmushda bolyan zatda. Name etjek. Bizim obamyzdada seylerak şaka bolupdy yöne onda atasy dine arak içip ejesi bn oyde bolyardylar bir gyz bn bir ogly bardy olary ishe günlük ishlereiberyardiler pul tapsyn DP. Bir gunem doğanlar ishden gelenson kakasy pul sorar DP pullaryny gizleyarler we oyune gelende kakasyna pul vermediler pulunuz yok diyyarler. We kakasy 4-nji synp oglanjygyny it Uran yaly urup depgilap tashlaya kellesine beynisine delip urya. Oglanjyk hassahana yetmanka yolda Jan beryar.
dfrt
4 Awgust 2023
Allah gorasyn her bir musulman bendesini
bamy
4 Awgust 2023
Bu ýazgylar adamlaryň durmuşy we ýalňyşlary meniň üçin sapak bolýar
garik
4 Awgust 2023
Nowçañ hekaýalary gowy söz ýok
okayjy
4 Awgust 2023
Nowçañ aslynda şul etýäni bolanok 🤔. Šu ýazylanlary şol maşgala okan bolsa nahili bolardy ? Nahili duýgyny başdan geçirerdi ? Her bir adamyñ durmuş wakalaryny ýazga geçirmek gowy däl. Her adamyñ durmuşda görýän wakalary köp, ýöne hemmesini aýdyp bolmaz. Aslynda bu ýazgylaryñ adamlary özine çekmegem iliñ durmyşy we ýalñyşlygy hakynda gyzyklanma bolaýmasa... # Şahsy pikir
ayuada
4 Awgust 2023
Yuregimizi agyrdyar indi sunun yaly post goyma
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.