ishangulyyew
04.08.2023 00:28

Dowamy


Olaryñ doñup ölendigi kabul edildi. Işiñ elhenç tarapy bolsa, eşikleri, soñra bilindi, dostlary tarapyndan çykarylypdy. Gulaga erbet gelip biler ýöne Sibirýanyñ bir hakykady. Özüñizi ýyly tutmasañyz derrew ölersiñiz. Şo sebäpli jesetleriñ ölenden soñ eşikleri alynypdy. Ýöne köp gözlegçiler bularyñ dostlary tarapyndan intek dirikä bilinip edildigi aýdylýar. Ýagny ol ikisini ölümine taşlap gitdiler.


Soñra çadyr bilen agaçlaryñ arasynda ýene 3 jeset tapyldy. Igor Dýatlow, Zinaýda kolmogorowa we Rustam Slobodin. Bular biri - birinden 150 metr uzaklykda tapyldy. Köp kişi şu soragy berýär, näme üçin çadyra bile gitmek barka, onuñ garşysyna şu sowukda aralarynda uly bir ýol goýyp öli tapyldylar ? Bu ýöremän ylgadyklary manysyna gelýär. Ýuwaş ylgan iñ yzda galýarka, çalt ylgan iñ öñdedi. Sorag şu, näme üçin gaçýardylar ?


Igor Dýatlowyñ başy açykdy, geýinişi erbet däldi, geýiminiñ üstünde taýýan ýene bir geýimi bardy. Ädigi ýokdy. Bir aýagynda 2 jorap bardy, soñ eýleki aýagyny goramak üçin ony çykardy. Ýanynda Zinaýda Kolmogorowanyñ bir suraty bardy. Elindäki sagat 5:31 - i görkezende doñupdy ýada döwlüpdi. Ölüm sebäbi, doñmak diýip ýazyldy. Soñra başda yza gaýdan Ýuriý Ýudin, uzyn elli geýimiñ özüniñkidigini aýtdy. Ýuriý muny Doroşenka beripdi. Çadyrdan çykjak bolanda Igoryñ aljyrap şuny geýdigi aýdylýar. Ýada Igor, Doroşenko öleninden soñra bu geýimi çykardy we özi geýdi. Zinaýda eýlekilerden has gowy geýnipdi. Iki şapkasy uzyn elli iki sany eşigi we ýene ýyrtyk kiçiräk geýimi bardy. Zinaýda üstü - üstüne 3 eşik geýipdi. 3 sany jorap geýipdi. Ädigi ýokdy, endamynyñ köp ýerinde doñma, gök yzlar, uly ýaralar kesikler we çyzyk yzlary tapyldy. Munyñam ölüm sebäbi doñmak diýip bellenildi.


Rustam Slobodiniñ barlag hasabatynda kellesinde döwük yzlary we ganamalar bolandygy ýazyldy. Bu işiñem elhenç tarapy döwükleriñ daşardan dälde, içinden döremesi, ýagny bir basgy bilenmi ýada urgy bilenmi belli däl. Süñkleri içinde daşyna döwülipdir. Muña garamazdan Slobodiniñ hem ölüm sebäbi doñmak diýip ýazyldy. Işiñ elhenç tarapy bolsa eşiklerinde ýekejede çyzyk ýok, ýöne endamynda belli çyzyklar we ýaralar bar. Eýleki 4 sany jesedi tapmak gaty köp wagt geçdi. Zolotarew, Dubininanyñ şapkasyny geýipdi. Dubinina bolsa Kriwonişenkonyñ ýüñ eşigini geýen halynda tapyldy.


Zolotarewiñ jesedi 2 şapkaly we ençeme geýim bilen tapyldy. Sowukdan ölmedigi açyk mälimdi. Gaýta tapylan ýeri boldugyça ýyly ýerdi. Endamynyñ aşaky böleklerinde hem geýimleri gowudy aýagynda el bilen ýasalan ädik bardy. Tapylan ýerinde ony ýyly tutmak üçin şu eşikleri ýetikdi. Boýnunda bir kamera bardy. Ýöne ereýän suw içindäki lenta zyýan edeni sebäpli kameradan bir zat tapylmady.


Zolotarewiñ we Dubininanyñ ýaralanmasy gaty erbetdi. Aýry ýerlerde tapylan 2 jeset şo bir ýerlerinden ýaralanypdy.


Gapyrgalarynda birden köp döwük bardy. Şu ýeri ünsli okañ, bu döwükler daşyndan urlan bir urgy bilen dälde, içdäki bir urgy bilen daşyna dogry döwülipdi. Iki gözi oýulyp çykypdy we ýerinde ýokdy. 5 sany gapyrga döwügi bardygy bilindi. Gaty uly ýaralar tapyldy. Bu ýaralaryñ bolan ýerinde süñkler daşyna çykypdy, ýada çykardylypdy ? Iñ ajy ölümleriñ birine duçar bolan Zolotarewdy. Dubininanyñ eşikleri hem gowydy. Doñmakdan goramana eşikleri ýetýärdi, hem ölüm sebäbem doñmak däldi. Zolotorew bilen ýaralanmada aýrylyk görkezýän ýeri, Dubininanyñ dili ýokdy. Goparylypdy we ýitipdi. Edil şeýle dodaklaram ýokdy. Zolotorew ýaly 2 gözi oýulyp çykarylypdy. Sag gapyrgasynda 4 döwük, çep gapyrgasynda 6 döwük bardy. Edil Zolotorew ýaly, daşyndan gelen urgy dälde, içinden dörän bir urgy ýada basgy bilen, gapyrgalary döwülipdi. Ýagny gysgaçasy endamy ýarylypdy. Indi bu zatlar nädip boldy ? Ine şu soragyñ şo günden bäri jogaby ýok. Ýene bir elhenç bolan zat, 4 jesediñ geýiminde edilen gözlegde, adatdan daşary radiasiýa bardygy bilindi. Ýöne ne çadyrda ne şo ýerde hiç radiasiýa ýokdy. Muña garamazdan 4 kişiniñ geýiminde radiasiýa bölekleri bardy.


Ýuriý Kriwonişenkonyñ kamerasynda başda düşürlen 2 sany surata seredeliñ. Bu 2 sany suratyñ syry intägem bilinenok, ine Ýuriniñ ölmänkä düşüren iñ soñky 2 suraty.


Barlagçylar 2 - 3 sany näbelli jisimiñ çalt hereket etdigini, we arka bölekde galan yşygyñ bolsa şo jisimiñkidigini aýtýar. Eýleki suratda bolsa uly ýarylma bolany açyk görülýär. Toparyñ 50 km uzaklygyndaky dagçylar bolsa şo gün üýtgeşik reñkde jisimler gördügini aýtýar. Soñra munyñ Re - 7 Semýorka atly roketa barlagy boldugyny aýtdylar. Muñam nä derejede dogrydygy belli däl. Wakanyñ bolan ýerinde üýtgeşik bir metal bölegi tapyldy. Metalyñ suratlary düşürildi ýöne bu metal barada belli bir resmi açyklama edilmedi. Bu wakany KGB has garaldyp ençeme zadyñ üstüni ýapjak boldy, sebäbi wakada radiasiýa bardy we bu döwlet meselesidi. Şo sebäpli birden gözlegler durdy. Elbetde bu bir çaklama. Ýöne bu çaklamany aýakda tutan bir sebäp bar. Radiasiýa 27 nji maýda tapyldy, 28 nji maýda bolsa barlaglar durdy. Bu radiasiýanyñ tebigy bolmadygyny aýdanlar boldy ýöne ol rapor ýapyldy. Işiñ has elhenç tarapy, şolardan başga aýak yzy ýokdy.


Indi hemme zatlar, bu ölümler nädip boldy ? Näme üçin çadyr içden daşa ýyrtylypdy ? Bir belli zat bar, topar bir zatdan gaçyp barýardy. Ýöne nämeden ? Näme üçin beýdip elhenç şekilde öldüler ? Näme üçin eşiklerinde radiasiýa tapyldy ? Bu zatlaryñ jogaby intägem tapylanok.


Çeşme:

Syrly wakalar

18
231
rhgb
5 Awgust 2023
@garik bizdede bar sholar yaly yerler DP yazypsynyz. Siz nireli nirede bar onyaly gorkunc yer
garik
4 Awgust 2023
Bizdede bar şolar ýaly ýerler😱
wolf
4 Awgust 2023
Bu wakany gaytalap gormedilermika edil öñkisi yaly, belki syrlaryñ usti açylardy, yaha gaty gorkupdyrlar yada bu wakada yene adam ogly rol oynaya
milasxka
4 Awgust 2023
@wolf, dogry
wolf
4 Awgust 2023
Elhenç waka, dünýä syrlardan doly, kim bilya belki bu syry bilyanler bardyr yada bardy...
ishangulyyew
4 Awgust 2023
@kowser, ok sps
ishangulyyew
4 Awgust 2023
Mende taze post goyup bolonok nam ucinka yza zynyp dur
sweety
4 Awgust 2023
Sebabi gaty gyzyklandyrdy, kinosy bar diydiniza adyny yazayyn mumkin bolsa
garik
4 Awgust 2023
👍yzyny ertir okamasak hezil däl gije
ishangulyyew
4 Awgust 2023
@roseee, gowy ozun nali. Bolya goyarys nesip bolsa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.