Adaty günleriñ birinde men bir dostum bilen ulaga mündik, münen badymyza bir gyz biziñ ünsümizi özüne çekdi, gaty gamgyn halda oturan ekeni, gözleriniñ garasyny bir nokada dikip, gözleriniñ etegi gyzaryp, göz ýaş çykmagyna sähel zadyñ ýa-da ýene-de sähelçe wagtyñ ýetikdigi bilinip dur, daşyndan synlasañ ol gyzyñ gaty bir agyr pursady ýatlaýandygy ýa-da bir zat sebäpli özüni gaty uly günäkär hasaplaýandygyny çaklap boljak, onnañ men bu gyzyñ halyna nebsim agyryp, ýanymdaky dostuma gel bu gyzyñ ünsüni böleli, sähelçede bolsa gam gussasyny azatmana kömek edeli diýdim welin, dostum dessine bor diýdide, gyza seredip;-
- «Bagyşlañ welin siz aşakdaky raýonyñ ýokardaky köçesiniñ ortasyndaky binanyñ iñ ýokarsyndaky etažynyñ 21 belgili jaýynyñ ýaşaýjysy Jennet daýzanyñ öýüne gelen salonçynyñ suratyny düşüren suratçynyñ kömekçisiniñ klasyndaky Merediñ doganynyñ uniwersitetindäki mugallumynyñ gaty ýakyn dosty bolan doktaryñ öýüniñ öñündäki stolba bilen ýüzbe-ýüz duran Altyn açar kafesiniñ içindäki kassir gyzyñ gapdalyndaky gyz dälmi siz?» diýdi.