atashka_007
03.08.2023 20:52

Doha şäherinde ýerleşýän dünýä ähmiýetli, özüne çekiji medeni gymmatlyk bolan özboluşly Yslam sungatynyň muzeýi Katar Döwletiniň esasy nyşany hasap edilýär.


Yslam arhitekturasynyň stilinde döredilen binanyň haýran galdyryjy binagärlik görnüşi arap stilinde arkaly penjireler bilen bezelen uzyn eýwanly «ganatlary» bolan bäş gatly diňdir. Onuň diwarlary ak daşdan ýasalan we edil piramida çalym edýär, ol deňiz aýlagynyň kenaryndaky emeli adada ýerleşip, muzeýe garanyňda, haýsydyr bir şeýhiň ajaýyp hususy willasyna meňzeýär.


14 asyrdan gowrak döwrüň yslam sungatyny öz içine alýan täsin muzeý Pars aýlagynyň arap döwletlerinde şeýle derejedäki ilkinji muzeýdir. Muzeýiň gurluşygy 2006-njy ýylda tamamlandy.


2008-nji ýylyň noýabr aýynda muzeýiň açylyş dabarasy boldy. Onuň taslamasy şol döwürde 91 ýaşynda mahaly Pritzker baýragynyň eýesi bolan asly hytaýly amerikan arhitektory Io Miň Peý (ýa-da Ýuýmin Beý) tarapyndan taýýarlanyldy. Döwrümiziň iň meşhur arhitektorlarynyň biri bolan Peý Pariždäki Luwr muzeýiniň esasy aýna piramidasynyň, Singapurdaky Raffles City toplumynyň, Hytaýdaky Sužou taslamasynyň awtorydyr.


Yslam sungatynyň muzeýiniň modernistik dizaýny häzirki zaman tehnologiýasyny arap arhitekturasynyň däpleri bilen organiki taýdan sintez edýär. Binanyň umumy meýdany 45 000 inedördül metre barabardyr.

17
745
milasxka
7 Awgust 2023
Salam hemma
atashka_007
5 Awgust 2023
@milasxka, ğoumy
atashka_007
5 Awgust 2023
BROKEN ANGEL 🍷🇫🇷
atashka_007
5 Awgust 2023
@owadanym, kopelderis NESIP bolsa 1 2 ayda 🌚
milasxka
5 Awgust 2023
@owadanym, @atashka_007, taze post goydm bamy gorayinda
atashka_007
5 Awgust 2023
@milasxka, ❤️
milasxka
5 Awgust 2023
@atashka_007, mlds🤍 👌🏻
atashka_007
5 Awgust 2023
@milasxka, HVA sagdyn iymitlenmek zerur 😊
atashka_007
5 Awgust 2023
@owadanym, mnem 1 günde 5 7 post goysan BOLYAMYKA DP yorn
atashka_007
5 Awgust 2023
@milasxka, SUYJI zatlar kop İYEMOK zyyan 🍫
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.