garik
03.08.2023 10:40

Sagat irden 8-den soñ başlanýar,

Edip ýören işleñ bary taşlanýar,

Sähel gymyldasañ derrow haşlanýar,

Howañ gradusy 50 ä ýetende.


1 litr suw içersiñ owurtda,

Başyn çaraýanlañ bary krortda,

Towularam berýär gaýnan ýumurtga,

Howañ gradusy 50 ä ýetende.


Awtobusa münseñ dürli aromat,

bu ys bolar başymyza melemat,

Kansaneriñ aşagynda keramat,

Howañ gradusy 50 ä ýetende.


Allam görkezmesin muñ ýaly derdi,

Türkmen bu yssyny nä wagt gördi,

Bu ýyl türkmen sähram dubaýa döndi

Howañ gradusy 50 ä ýetende.


Garik söze nokat goýgun şu ýerde,

Wah çäre tapdyrmaz muñ ýaly derde,

Bolmazlygny dile geljekgi ýylda,

Howañ gradusy 50 ä ýetende.

21
91
gulshatayewa97
3 Awgust 2023
Imoda iş boldy şu hakyky zatda😂
garik
3 Awgust 2023
Sps @wolf,
wolf
3 Awgust 2023
Full gülip öldimay 😂malades 👍👏👏
senorita
3 Awgust 2023
Howañ gradusy 50 ã ýetende 😁🥵👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.