gullnara_
03.08.2023 08:30

3-nji awgustda dürli ýurtlarda Bütindünýä garpyz güni bellenilýär. Türkmenistanda şu günler tagamy datly bakja ekinleri gawundyr garpyz hasylynyň ýygnamak döwri gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl diňe Ahal welaýatynda üç müň gektardan gowrak meýdana bakja ekinleri ekilip, ondan bol hasyl alynýar.


Bişen garpyzyň düzümi 90 göterim suwdan ybarat bolsa-da , ondaky magniý, kaliý, fosfor ýaly minerallar adam bedeniniň öýjükleriniň işjeňligine hemaýat edip, madda alşygynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem garpyzda A we E ýag erediji witaminler bar.


Ýöne düzüminde fruktozanyň köplügi sebäpli gije-gündizde 300 gramdan köp garpyz iýmek maslahat berilmeýär. Galyberse-de, ol iň pes kaloriýaly hasyllaryň biridir. Onuň 100 gramynda bary-ýogy 30 kkal bar. Garpyz dokluk duýgusyny döredýär we horlanmaga ýardam edýär.


Dünýäde garpyzyň 1200-den gowrak görnüşi bar.


Garpyz möwsümi oktýabra çenli dowam edýär.

Garpyz hem melhemler bakjasynyň köp dertlere derman bolýan ajaýyp nygmatlarynyň biridir. Halk arasynda gawun-garpyz ýaly bakja önümleriniň gowusyny, bişenini saýlap almak babatda «Gawunyň — agyry, garpyzyň — ýeňili» diýen usul-tär hem peýdalanylýar. Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda bolsa şu babatda: «Abu Musehhir Gassany şeýle diýýär: «Kakam her gezek garpyz satyn alanda: — Eý, oglum, onuň gara çyzyklaryny sana! Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, garpyzyň süýjüligini biläýgin! — diýerdi» diýlip bellenilýär.


Düzüminiň 90 göterimden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin, garpyz teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar.


Garpyz — B, C, E, PP witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Oňa gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy uludyr. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar.


Magniý — garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.


Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. Çendenaşa semizlikden ejir çekýän adamlar üçin-de garpyz örän peýdaly.


Bedeniň garpyzyň düzümindäki ýokumly maddalardyr witaminler bilen üpjün edilmegi üçin onuň dogry saýlanmagy örän möhümdir. Munuň üçin bolsa şu aşakdakylar maslahat berilýär:


— deşik, ýaryk, ýagny şikeslenen garpyzdan gaça durmaly;


— garpyzyň öte kiçi ýa-da has uly bolmazlygyna üns bermeli. Ortaça ululykdaky garpyzyň agramy 5 — 7 kilogram hasaplanylýar;


— garpyzyň ýere degip duran ýerinde agymtyl, sary reňk emele gelýär. Şol ýer näçe saralan bolsa, garpyz şonça-da bişen hem süýji bolýar;


— çigitsiz garpyzlar genetiki taýdan üýtgedilendir. Gowy garpyzyň hökman çigidi bolmalydyr;


— garpyzyň etindäki süýümler ak reňkde bolmaly;


— garpyzy kesdirip, bölekläp almak maslahat berilmeýär. Kesilen garpyza mikroblar düşüp bilýär;


— garpyzy kesmezden öň, onuň daşyny gowy edip ýuwmaly.


-- Nahardan öňünçä garpyz iýmek aşgazan agyrsyny aýyrýar we semizligiň öňüni alýar.

31
177
danli
4 Awgust 2023
@mandarin doglan guninem gutly bolsun
danli
4 Awgust 2023
@mandarin so eñňerecilige barsan mugt berilya
mandarin
3 Awgust 2023
@1105, howwa şeyle eken pasportda
okurgezer
3 Awgust 2023
Bizde Gawun baýramam bar 🍈😁
aeae
3 Awgust 2023
Ufff şu gülerä garpyza zar....😔😔😔
mandarin
3 Awgust 2023
@guldesse, ha bildim🙂
mandarin
3 Awgust 2023
@guldesse, eññere name diýmek?
danli
3 Awgust 2023
Gawunyn eñňereciligi yokmykaray inni😁😁😁
danli
3 Awgust 2023
Gawun bayramcylygy hacanay
mandarin
3 Awgust 2023
@guldesse, suratdaky oziñmaý owadanja gyz 😁😁😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.