40-njy ýyllaryň ahyrynda Perm sebitiniň (häzirki Gubaha şäheri) Polowinka dag magdanynda düýbünden ajaýyp bir waka bolup geçdi. Bu waka Ýužaninleriň maşgalasynda bolup geçdi. Kakasy we ejesi magdanda işleýärdi we öz hojalygyny dolandyrýardy.
Bir güýz agşamy tutuş maşgala öýdediler. Kakasy we ogullary bir zat ýasaýardylar, ejesi we gyzy eşik tikýärdiler. Gyz ilikleri tikýärdi we adat bolşy ýaly, birini ýitirmezlik üçin agzynda saklaýardy. Şol bir wagtyň özünde bir zat aýdyp, ejesi bilen gürleşýärdi. Birdenem uludan demini aldy-da, gyz üsgürdi, demini çekýar we soň ýere ýykylýar Hemmeler onuň ýanyna ylgaşdylar. Gyzdan ses çykmadyi we ýaşaýysdan hiç hili alamat görkezmedi.
Dem ýokdy. Ýürek sesem eşidilmedi. Diňe ene-atalar nämäniň bolup geçýändigine düşündiler. Gyzynyň agzyndaky ilik bokurdaga giripdi we öýkenine howa üpjünçiligini ýapypdy. Wagty sarp etmän, gyzy hassahana äkitdiler. Hassahana ýakyn däldi we gyz ol ýere äkidilende, eýýäm sowap başlapdy.
Lukman gyzy barlap demikmekden ölendigini aýtdy. Ene-atanyň hasratyny düşündirip bolmaýardy. Jynaza ertesi gün geçirildi. Gyza iň oňat köýnek geýdirip, barmagyna ýüzük dakdylar, ýöne ýönekeý, diňe birneme ýalpyldawuk. Merhum tabytda ýatyrdy we ukuda ýalydy, diňe jansyz we ölüm reňkli. Ony jaýladylar we laýyk bolşy ýaly hatyralama çäresi geçirildi.
Ertesi gün ir bilen, şäher binalaryň biriniň girelgesinde serhoş ýaly zordan ýöreýän, üst-başy gum basan ýaş gyz peýda bolýar. Bu wagt adamlar eýýäm magdan känine barýardylar we işçileriň biri birden gyzy gorüp gorkusyna gygyrýar. Gorkup, titräp, täze gelen adama yşarat edýär we düýn özüniň ... düýn şol gyzyň jaýlanyşynda bolandygyny aýdýar. Şol wagt gyz işçileriň ýanyna baryp, olara: “Gorkmaň, men diri. Şu gün agşam ogry adamlar meni gabyrdan gazyp çykardylar Megerem, men hakykatdanam ölmedim "-diýýär.
Näme boldy? Ilik (düwme) gyzyň bogazyny petiklänsoň, ony çykarmaga synanyşdy, ýöne huşuny ýitirdi. Soň birden ozüne geldi, ýöne barmagyny hem gymyldadyp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, töwereginde bolup geçýän zatlaryň hemmesine düşündi. Ony garaňky otaga alyp gitdiler we şol ýerde ýeke goýdular. Ertesi gün irden başga bir lukman geldi. Ilkinji lukman bilen gyzy barlady we tassyklady: "Hawa, ol ölüpdir". Soňra bolsa: "Hakykatdanam ölendigimi görüp bolýar. Ine, şu ölüm ... " Ene-atasy gelip, gyzy öýüne alyp gitdiler. Gyzyň gabaklaryny açmaga-da güýji ýetmedi, ýöne ýygnananlaryň ähli gürrüňlerini, jaýlanyş çäresini eşidip ýatyrdy. Iki gün geçdi. Gyzy tabytda ýatyrdylar. Öpýärler, hoşlaşýarlar. Gonamçylyga äkidilýär. Gyz gözüni açmaga, barmagyny gymyldatmaga synanyşýar. Emma hiç zat netije bermeýär. Howa hem ilikdäki diňe iki kiçijik deşikden öýkenine girýär. Bu ýaşamak üçin gaty az, ýöne asla ölmezlik üçin ýeterlikdi. Soňra tabytyň gapagyny ýapýarlar, çekiç urýarlar. Hemme zat, ýerdäki barlygynyň soňy. Adamlaryň sesleri gitdigiçe azalýar. Indi olar düýbünden ýitdiler. Ümsümlik, baky dynçlyk ...Gyz bu zatlaryň baryny bilip ýatyrdy, emma hiç hili çäresi ýokdy.
Diňe bedeniň ysmaz bolmagy gyzyň elhençlikden ölmegine ýol bermedi. Ol wagty duýmaýardy. Öli aňyň çuňlugynyň diňe bir ýerinde hakykata we bolup geçen zatlara düşünjek boldy. Bu onuň durmuşydy. Munuň üçin tabytda henizem ýeterlik howa bardy.
Biraz soňra ol kimdir biriniň seslerini eşitýär Pil bilen gumy gazyp,tabydy çykarýarlar. Gapagy aýyrýarlar. Adamlaryň çalaja pysyrdaýan sesleri eşidilýär: “Men onuň elinde ýüzük gördüm. Elbetde altyn. Çykar. Indi köýnek. Şeýle köýnegi Permde gowy pula bazarda satarys. Geliň, alalyň. Ony tersine öwüriň! " Soň bolsa gyza bir zat bolýar. Howa birden öýkenine giňden atylýar, ony dem almaga mejbur etýär. Soň bolsa: "Men diri" diýip gygyrýar.
Dört sany mazar ogrusyna direlen öli gyz gaty gorkuzýar. Olar gykylyklap gabyrdan böküp çykyp, ylgaşýarlar. Emma olaryň ikisi, hatda ýigrimi metr hem ylgap bilmän, mazarlaryň arasynda ýykyldylar. Beýleki iki adam gaçdy, ýöne soň tapylýar we sud edilýär. Ýöne bu mazar ogrulary gyzy direltdiler. Gyzy tersine öwürenlerinde ilik (düwme) gyzyň bokurdagyndan gaçypdyr..
Awtory (çeşmesi): Wladimir Sawintsew, Nytwa, Perm sebiti, "Syrly we näbelli ensiklopediýa").