Beýik tañrym kändir senden dilegim,
Ilki bilen il günime aman ber.
Serim sagdyn güýçli bolsun bilegim,
Ajap dünýä guwanmana zaman ber.
Şatlyk bilen geçibersin aý günler,
Gyşy kän däl köpräk bolsyn ýaz günler,
Bolmaz ýaly duşman dönik azgynlar,
Yrga kişiñ ynanjyna güman ber.
Türkmen mydam çagyryp ýör allany,
Deregine näme alsañ aldany,
Dag dek üýşmek eder ýaly gallany,
Çöle ýagmyr daglaryma duman ber.
Kalba nur çaý öñde soñda solmajak,
Küýinde köýinde galat bolmajak ,
Sagbolsyndan başga zady almajak
Ile kazy möminlere ymam ber.
Öýim ýegşermesin dik bolsyn saly,
Süýegim sag bolsa taparyn maly,
Maýa dek gyz ogul inerçe ýaly
Her bir kişä dowamat ber dowam ber.
Best maña depämde üçegim bolsa,
Marymyñ topragy düşegim bolsa,
Gaýrat et dilegim goçagam bolsa
Munda abraý ol dünýede iman ber.