The Telegraph gyzlaryň näme üçin adatça oglanlardan has gowy okaýandygyny düşündirdi
The Telegraph neşiriniň habarçysy Jina Rippon gyzlaryň näme üçin hemişe diýen ýaly oglanlardan has gowy okaýandygy baradaky pikirlerini paýlaşdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.
Köp ýyllardan bäri şeýle bir garaýyş bar: mekdepde gyzlar oglanlara garanyňda has gowy okaýarlar. Awtoryň belleýşi ýaly, okuwçy gyzlaryň arasynda iň ýokary baly (9 bal) ähli talyplaryň 8,9%-i, okuwçy oglanlaryň arasynda bolsa 5,9%-i gazanýar. Iňlis mekdeplerinde geçirilen A-level synaglarynyň netijeleri muny ýene bir gezek tassyklady. Onda iň ýokary baly gyzlaryň 46,4%-i we oglanlaryň 41,7%-i gazandy.
Rippon oglanlar üçin has pes synag ballarynyň jemgyýetimizdäki terbiýe aýratynlyklary bilen baglanyşyklydygyna ynanýar. Häzirki zaman jemgyýetinde gyzlaryň erjel, yhlasly bolmagyna garaşylýar, oglanlara bolsa gereginden artykmaç geçirimlilik edilýär.
Professor Liz Eliot bolsa erkek adamyň beýnisi bilen aýalyň beýnisiniň arasynda düýbünden tapawudyň ýokdugyny anyklady. Beýleki barlaglar özümizi alyp barşymyza jemgyýetiň täsiriniň örän uludygyny görkezýär diýip, çeşme belleýär.