gullnara_
01.08.2023 00:55
Galaýmaň gyzlar.

Birine ak diýip birine gara,
Oglanlaň soňuna galaýmaň gyzlar.
Garada-agada tapylar çäre,
Ýigitleň soňuna galaýmaň gyzlar.

Birine uzyn diýyp birine kelte,
Öwünjeň diýip siz hem diýip ýalta.
Gözläp-gözläp birden ýetip 46-a,
Ýigitleň soňuna galaýmaň gyzlar.

Gaharjaňam bardyr, utanjaňam bar,
Ýalançysam bardyr, ynanjaňam bar.
Ýigitler içinde has alçagam bar,
Saýlap bilmän soňa galaýmaň gyzlar.

Egerde bir oglan görmeksiz bolsa,
Deregine ýüregi owadan bolsa.
Saňa, ýetik dälmi ýürekden söýse,
Şol ýigitden gijä galaýmaň gyzlar.

Bir-kemsiz gözeliň bolmaýşy ýaly,
Ýa häsýeti kemdir, ýa-bir kemaly.
Dokuzy düzüwi ýokdyr dünýede häli,
Ýigitleň soňuna galaýmaň gyzlar.

Baýam bolup biler garybam bolar,
Işçem bolup biler talybam bolar.
Emma bagt bolup goýnuňa dolar,
Saýlap seçip soňa galaýmaň gyzlar.

Ak-atly şazada gyzlaň arzuwy,
Arzuw etmek ýagşy gowudan gowy.
Emma kä arzuwlaň puç bolýar soňy,
Arzuw edip soňa galaýmaň gyzlar.

Her biri şire taý türkmen ýigitler,
Haýsyny halasaň şolam bagtdyr.
Bagta guwanmanyň özem bagtdyr,
Ýigitleň söňuna galaýmaň gyzlar.

Ak kagyz üstünde oýnap galamym,
Şahyr Begenç aýdar size salamyn.
Bagtyňyzyň tapyp bilmän jogabyn,
Ýigitleň soňuna  galaymaň gyzlar.

Begenc Orazow
33
328
garly
3 Awgust 2023
Gaty govja kemi yok bro
gokgi
1 Awgust 2023
👍maladis
angelface
1 Awgust 2023
Govy gosgy
wolf
1 Awgust 2023
Her bir Şi:re taýdyr Türkmen ýigitler 🔥 sag bola 😁
bamy
1 Awgust 2023
Berekella
bismark01
1 Awgust 2023
Dogry aydypdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.