Gara bolsa saçlary, iki örüp goýberende ince bilinden gecse, yylgyranda yaňajygy oý bolsa, yakymlyja söz diyemde al yaňaklary gyzarypjyk utansa, alçajyk bolsa, aytjak diyjek sözümiň yarysyndan düşünse, gelnim edip alsam yaşmagyny dişläpjik gezse, ene-atama hormat goýsa, agşam nahara gijä galaýsam birden iýmän maňa garaşsa, men bilgesleýin "maňa garaşdyňmy, iýmeli ekeniň maňa garaşman" diýsem öýkeläpjik "indi garaşmaýaryn" diýse, guwanyp gujaklapjyk öpsem manlaýyndan, öýkesinden köşeşdirsem. Men haýsy işde işläýin getirenme kaýyl bolup şükür etse, işden gelemde öňümden çykyp "Allah kuwwat bersin" diyip güler ýüzli garşylasa, gaharly wagtym şamar saçlary bilen ýüzümi sypap köşeşdirse, nähili ýagdaý bolsa-da geçmese menden. Onuň bilen kiçi külbe bolsa-da öýüm içine nur çaýsa, bezese öyüň törüni. Çagalarmyza uly söýgi bilen seretse, gelnimin 2 çagasy bolsa, mende üçüsi bolar, onuň ozide çaga yaljak näzik kiçi gowünlije bolsa, çaga sereden dek seretsem oňada. Soňky deme cenli söýsek birek biregi ine şeyle bolsa meniň söýgülim...
like goýmagy unutmaň ❤