Ejemjan sen maña bir gelin âber. Gözelligi hemme gyza tay bolsun.
Edepli ekramly utanjañ sada.
Şularyñ barysy şonda bar bolsun.
Gözel bolsun çölde gezen jerenden
Ýalan söz çykmasyn saýrak dilinden
Nesibâm bar bolsun şeyle gelinden
Ady mañlayyma ýazylan bolsun.
Hemme zady meñ göwnüme yarasyn
Sâher bilen gara saçyn darasyn
Köçâ çyksa yere bakyp yöresin
Gara gözi dolup baryan ay bolsun.
Saçy kesik gaşy ütük bolmasyn
Ýüzin yaşmak edip dañsyn öymesin
Seredemde gara gözüm doýmasyn
Akyla payhasa ýugrulan bolsun.
Hassa bolsam baş ujumda otursyn
Nâzim çekip ayagynda yatyrsyn
Ýumuş buýrsam ylgap ylgap bitirsin
Aydan sözi yüregime jay bolsun.
Gözlerimden añsyn aytjak sözümi
Hic bir yerde gysga etmesin dilimi
Ölemde-de saklar yaly öyümi
Gujurli, gayratly, edermen bolsun.
Söwseñem, ursañam gaşyn çytmasyn
Uzin dilin dişi bilen saklasyn
Ömrümi kül edip oda atmasyn
Yagşy niyet yureginde kân bolsun.
Arassa pâk bolsun akar suw yaly
Haýran bolsun gelin gyzlaryñ bary
Islam dini bolsun yörejek yoly
Saçlaryn gizleyân utanjañ bolsun.
Beyle gyzy nirden gözlâp tapaýyn
Eger tapsam bagra basyp öpeýin
Iñ yokumli zatlar bilen bakaýyn
Uzin boyly gyldan inçe bil bolsun.
Hany ýigitler şeýle gelin gerek bolsa like basyň!❤👍 😄