Elime telefony alyp sagada seretdim 2:15,ÿatjak diÿip düşegime geçenime 3 sagat töweregi bolupdyr. Eÿläk-beÿläk öwrülip,hiç ÿatyp bilemok...
endam-janym ot ÿaly ÿanyp barÿa, gyzgynymyñ galÿanyny bildim . Telefonuñ yşygyna dermanymy tapyp içdim. Adatça bir-iki aÿdym diñläp ,uklap galÿardym,yene şeÿdeÿin diyip nauşnigi gulagyma dakdym. Ilkinji açan aÿdymym haÿsydyr öÿdÿäñ ?! ( Tirkesh-Unudaryn)... gözümden ÿaş damdy. Wah,men indi aglajak däldim, seniñ üçin göz ÿaş dökjek däldim men...ejizledim!
Agladym. Seni göresim gelip aglamadym,ÿok. Duÿgularymyñ saña gerekmezligi üçin, saña olaryñ hiç hili ähmiÿetiniñ ÿoklugy üçin, söÿgim saña gerekmejek zat bolup galany üçin agladym. "Bu durmuş. Wagt geçmegi bilen unudarsyñ..."bu gürrüñler hiç hili peÿda edenok, etmejegini hem bilÿän.
4 ÿyl mundan ozal " Sen maña gerek däl. Seni söÿemok indi" diÿen sözleri eşidenimde dünÿäm lerzana gelipdi. Şondan soñ söÿgiñ barlygyna, kimdir birine ynanyp boljakdygyna hiç hili umydym ÿokdy. 4 ÿyllap hiç kime (bir oglana-da) ynanman geldim. Kimdir birine göwün bermek hakynda asla pikirem etmeÿädim. Emma sen, nirden peÿda bolduñ?! Näme üçin durmuşyma girdiñ?! Näme üçin maña umyt berdiñ ?! Sönen kalbymy ÿagtylandyrdyñ. Ÿüregimde şeÿle bir päk duÿgular oÿardyñ (söz bilen düşündirip bilemok) Her bir sözleriñ, bakyşlaryñ...hemme zat gözümiñ öñünde janlanÿar. Ÿeri,nädip meni bu ÿagdaÿa getirmäne dözdüñ?! Göwün ÿarasynyñ añsatlyk bilen bitmejegini, bitse-de yz galjagyny bilÿädiñä sen. Ilki başdan bir-birimize dogry gelmejegimizi bilen bolsañ, hiç wagt bile bolmajagymyza göz ÿetiren bolsañ,onda näme üçin maña umyt berdiñ?! "Gowy görÿän seni" diÿen sözleriñi näme sebäpden köp gaÿtaladyñ,aÿtsana?! Heÿ,ÿürek diÿen zat ÿokmudy sende????!!!! 2:57 ...ÿüregim agzymdan ot bolup çykjak bolÿar. Senden şeÿle bir göwnüm geçdi. Kalbymda saña bolan ÿigrenç duÿgusy oÿanÿar. Söÿgimden geçišiñ ÿaly, durmušymdanam git!!!
Adamyñ gerdenine göterip bilmejek ÿüki atylÿan däldir. Şu wagt nähili hasrat çekÿänem bolsam, özümi ÿeriñ ÿüzünde gezip ÿörän ,hiç kime gerek däl jansyz zat ÿaly duÿsam-da men çydaryn. Şunça wagtlap özümi elden bermän ÿaşadym,indäm ÿasaryn! Arman,ÿüregim ÿaraly galdy...
Asman ýagtylyp başlady. Sagat 3:33
Gürrüñimiñ yzyna köp nokat goÿup, ejem bilen kakamyñ suratyny bagryma basyp indi uklamakçy...