gullnara_
28.07.2023 15:04
Bir gün gündüziň günortany bankda talaňçylyk bolupdyr.
Banka gelen talaňçylar:
- *Gymyldamaň! Pul döwletiňki, jan bolsa siziňki*"diýipdir.
Herkim sesini çykarman, ýuwaşlyk bilen aşak ýatypdyr.
Muňa "Pikir üýtgetme" diýilýär. Öwrenşilen düşünjäni üýtgetmek.
Soň zenan maşgalaň biri stoluň üstüne egilip, ýatypdyr.
Muny gören talaňçy:
- *Namalny bolup, ýerde ýat. Bu talaňçylyk, zorlama ýok* diýipdir.
Muňa "Profesionallyk" diýilýär. Işiň näme bolsa, ähli ünsiň şonda bolmak.
Soň talaňçylar pul baryny alyp, gaçýarlar. 
Barmaly ýerlerine baransoňlar, talaňçylaryň ýaş bolany beýlekisine:
- *Bol, indi alan pullarymyzy sanaly*diýýär. Ýaşulysy:
- *Haý, samsyjak. munça pulam bir sanalarmy. Agşam telewizordan näçe pul alyp gaýdanymyzy aýdarlar* diýýär.
Muňa "Tejribe" diýilýär. Okuwdan has gerekli we peýdaly.
Talaňçylar bankdan gaçyp gaýdansoň, şol şahamçaň müdiri kömekçisine:
- *Dessine, polisiýa jaň et* diýýär. Kömekçisi bolsa:
- *Başlyk, dur entek howlukma. Bizem 10 milýon ýaly özümize alyp, ogurlanan 70 milýon dollaryň üstine goşsak näder?!* diýýär.
Muňa "Tolkuny tutmak" diýilýär. Başyňa gelen bir işi öz peýdaňa öwürmek.
Müdir bolsa:
- *Wah, her aý bir talaňçylyk bolsa bolmajakmy.. hezil ederdigaý* diýýär.
Muňa "Dertlerden dynmak" diýilýär. Şahsy bähbidiňi işiňden öňde goýmak.
Agşam habarlarda bankdan 100 milýon dollar ogurlandy diýip, habar berýärler.
Ogurlan pullaryny aýdylan sandan az gören talaňçylar otyryp, birnäçe gezek alan pullaryny sanapdyrlar.
Bary ýogy 20 milýon çykýan eken. Gazaba giren ýaşuly talaňçy şeýle diýipdir:
- *Biz janymyzy howp astyna salyp 20 milýon alýas. Bankyň müdiri bir elini galgadyp 80 milýon alýar. Talaňçy bolanyňdan adam ýaly okuw okanyň gowy eken* diýýär.
Muňa "Güýçli birini, bilimli müňini ýykar" diýilýär.

Çeşme:internet
44
299
barbara
10 Awgust 2023
Gaty Gowy bolupdyr
sabyr
7 Awgust 2023
Gaty gaty gowy sunyaly manyly zatlary kopurak goyyn
05alemgosar
30 Iýul 2023
👍👍👍
100001
29 Iýul 2023
Gyzykly post
bamy
28 Iýul 2023
👍👍👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.