Gamyş tüýdük gowagy: Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Guýilin şäheriniň merkezinden, takmynan, 6 km uzaklykda ýerleşýän gowak gadymylygy bilen tapawutlanýar. 180 million ýyl ozal emele gelendigi çaklanylýan gowagyň çuňlugy 240 metre ýetýär. Şeýle-de bolsa onuň içi o diýen garaňky däl. Sebäbi, Gün şöhlesi gowagyň içine depeden göni düşýär. Gowagyň diwarlaryndaky reňkli daşlar şöhläni yza serpikdirip, ýagtylandyrýar hem-de jadylaýjy tebigy gözelligi emele getirýär. Bu ýer 1940-njy ýyla çenli näbelli bolupdyr. Häzirki wagtda Guýilin sebiti iň köp syýahatçylyk edilýän merkezleriň birine öwrüldi. Bu gowak «tebigy sungat köşgi» diýlip atlandyrylýar. Reňkli öwüşginleri bilen tapawutlanýan köşgüň içki gurluşy gamyş tüýdüge meňzeş bolansoň, şeýle atlandyrylypdyr.