Mars Planetasy barada!
Agzalarymyzyn haysty boyunça!
Günüň daşyndan aýlanýan jemi sekiz planeta we birnäçe asman jisimi bolup, Mars Gün tarapdan dördünji ýerde durýar.
Marsa “Gyzyl planeta” diýilýär. Sebäbi onuň reňki hakykatdan hem gyzyl. Munuň sebäbi ol planetada demir oksidi diýen himiki maddanyň bolmagydyr.
Gün ulgamynda Mars ululygy boýunça 7-nji planeta hasaplanýar. Onuň diametri 6 791 kilometr bolup, Ýeriň ýarysyna barabardyr.
Günden daş bolanlygy sebäpli bu planetada howa örän sowuk bolup, onuň ekwatorynda 20 dereje ýyly, polýuslarynda 140 dereje sowuk bolýar.
Gün ulgamyndaky planetalardaky iň uly dag Marsda ýerleşýär. Olimpus atly dagyň beýikligi 24 kilometre barabar bolup, ol Ewerestden üç esse töweregi beýikdir.
Eger Marsa baryp bökseňiz, ýerdäkiden üç esse ýokary bökersiňiz. Sebäbi ol planetadaky dartyş güýji biziň planetamyzdan has azdyr.
Aý Ýeriň ýeke-täk hemrasydyr. Marsyň bolsa, iki hemrasy bar. Olar “Phobos” hem-de “Deimos” diýlip atlandyrylýar.
Marsda bir gije-gündiz 24 sagat 37 minutlap, bir ýyl 687 günlap dowam edýär. Planetanyň Günüň daşyndan bir gezek aýlaw edýän wagtyna ýyl diýilýär. Diýmek, biziň planetamyz bu aýlawy 365 günde tamamlaýan bolsa, Marsyň Günüň daşyndan aýlanmagy üçin 687 gün gerek bolýar.
Geçirilen barlaglara görä, Marsda suwuk halda suw ýok. Emma geçen ýyl ýerasty buz kölüniň bardygy anyklandy.
Häzire çenli adamzat asman jisimlerinden diňe Aýa aýak basyp gördi. Soňky ýyllarda Marsda hemişelik ylmy barlag merkezlerini döretmek we ol ýere adam äkitjek kosmos gämilerini işläp düzmek üçin işler edilýär. Ilkinji kosmos gämisi “Viking Landers” 1976-njy ýylda Marsa gondy.
©Owrediji