Adam ata How ene (Rowaýat)
Ýaradan ýagaty dünýäni asmandan hem ýerde gijeden, hem gündüzden, Aý bilen Günden, otdan, suwdan, howdan, daglardan hem denizlerden, yssydan, hem sowukdan , bina edipdir. Toprakdan ynsany ýardadypdyr.Ynsan göwresine jan salanynda, jan iki ýana urunupmyş:"Allatagala cemar meni adamyñ göresinden bu ýer garañky" diyip.Ýaradan adama goşa göz berensoñ, onuñ jany arama tapanmyş.Görsün diýip göz, eşitsin diýip gulak, gürlesin diýip zyban, hoşroý gülleriñ ysyndan binesip bolmasyn diyip burun, agyz, el, aýak, ýasasyn diýip ömür, beýleki janly mahluklardan saýlansyn diýip añ bn ykbal berlenmiş ynsana.Allatagla ilki erkek adamy, sonra aýaly ýaradypdyr.Erkegiñ ady Adam ata aýalyñ ady How ene eken.Hudaý olaryñ ikisinem gaty gowy gorýan eken.Şonuñ üçin olara jennetde ýasamaga ygtyýar berenmiş."Allatagla adamy bizden gowy görýä" diýip iñ güýcli perşdeleriñ biri Hak Hudaýa hyzmat etmekden ýüz döndürýär. Soñra ol Allatagalanyñ näletine sezewar bolup, şeýtana örwlenmiş.Ine ýanky şeýtanam adamy. azdyryp, behişden kowdurmak üçin, derwezebanlara al salayp Adam ata bilen How enäniñ ýanyna baryar.Atam ata şeýrtanyñ alyn gitmändir, Emma how ene velin şeýtanyñ gepine gidip, jennetdaki bugdaýlardan iýýär, Adam ata-da iýdirýär. Jennetde bolsa, hiç bir miwäni , asla hic zat iýmeslerem ajyganmyşlar.Ine su düzgüni bozandyklary üçin Allatagla Adam ata bilen How enäni behişten çykaryp ýere taşlaýar. Ýañkylaryñ ikisem ençeme wagtlap aglap ýatanmyş diýýä ýerde.Onsañ yardan perişdeleriñ ùsti bilen bulara ekin ekmäni, gün- güzeranlaryny aýlamany öwredýär. Aýala erkege bolan, ekrek adama aýala bolan mähri, söýgüni oýarýar.Yer yüzünde ilkinji maşgalanyñ ojagy döräp ,olaradan nesil önüp ugraýar.Adam ata bilen How enåniñ her gezek ekiz cagalary bolýar eken.Allanyñ emri bilen olaryñ biri ogul, biri gyz, biri oglan biri gyzmyş.Ýere-Göge erki ýetyän Gutraty Güýçliniñ köñüllerine guymagy bilen, Adam atadyr How ene nesil-neberelerini dowam etdirmegiñ, ynsan kowmuny köpeltmegiñ halal yoluny saýlap alanmyşlar.Olar bir ekiz taýy beyleki bir ekiz taý bilen çatyp, toý tutup, täze bir ojagy döreder ekenler.Emma Adam atanyn ogullarynyñ biri beyle nika kes- kelläm garşy çykypdyr. Ol özünden öñki ekizleriniñ birine öýlenmekden boýyn toglanmyş." Men öz ekiz taýma oýlenjek, ol owadan, beýleki owdan däl" diýip. Bir garynda ýatan ekizleriñ maşgala bolup bilmejegem belli. Onuñ bu ters pikiri Allatagalanyñam, ene - atasynyñam emrine layk gelenok. Belki-de ,ene -atany ynjytmak, ,Hakyn emrini ret etmek sondan başlanandyr.Ters dawa tutup, ilden çykan şol oglan biedepligiñ hem bikemallygyñ, bihaýallygyñ dünýädäki ilkinji nusgasy bolandyr belki ? Kim bilýä? Ýöne bir zat velin belli.Şondan son Adam atadyr How eneden dörån nesillere ösüp, örñäp, yer yüzüne ýaýran.Ýerler, ýurtlar , halkalar dörän.Ýagsylar hem yamanlar, akyllylar hem lar, ýüwrükler hem camanlar, bagtlylar hem betbagtlar, alymlar, balyklçylar, bakgallar, ululy- kiçili, dürli- dürli ykbalar dörän.Örän gadym zamanlardan başlanan ýer ýüzündaki şol ilkinji durmuş, şol ilkinji adamlardan şu günümiz dörän.