gullnara_
27.07.2023 11:28
Gelmesi kyn düşen ylham.

Galam aldym ele näme ýazsamkam.
Haýsy sözüm galsyn haýsyn
pozsamkam
Mantymy ýa näme hakda ýazsamkam
Näçe garaşsamda gelmediñ ylham

Hökman geler diyp garaşyp otyryn
Käte durup göryan käte men yatyyryn
Jañ etsemem boş kagyzly otyryn
Şunça garaşsamam gelmedin ylham

İne bu kagyzam suratdan doldy
Depder kagyzyndan musurkam doldy
Bulam bolmady diyip listini ýoldy
Depder gutaryp barya geläýda ylham

Sagymda melek bar çepimde şeýtan
Melek pyşyrdayar " gelerle hökman"
Ençe umyt bilen garaşdym irmän
Naçe garaşsamda gelmediñ ylham

Çepimdaki şeytan başlar pyşyrdap
"gelmez ol, arkyyn bol gitdi seni taşlap"
Garaşdym men saña şeytany daşlap
Näçe garaşsamda gelmediñ ylham

Boldy yadadym, indi men yatjak
Depder gutardy musurka atjak
Sen gelmeseñ gelme, garaş men barjak
Taparyn men  seni,  garaşgyn ylham
36
299
tolkun
27 Iýul 2023
Ylham Gurbanalamy? 😅👍🔥
Miss_Minnosh❤️
27 Iýul 2023
@guldesse, Menem ocura goyay😄
wolf
27 Iýul 2023
Ylham aga nirde sen? 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.