46 ýaşly bir adamda görlen bu hadysa, bedeniň spirt öndürmegi hökmünde görülýän "Awto-piwo sindromy" diýilýär. 6 ýyl bäri yzygiderli serhoşlygy bilen tanalýan bu adam bir gün polisiýa tarapyndan tussag edildi. Alkogolyň kanuny çäginden iki esse köpdügi anyklanan adam, içmändigini aýtsa-da, hiç kimi ynandyryp bilmedi. Bu amalda yzygiderli agressiw häsiýeti görkezýän we akyl üýtgemelerini başdan geçirýän adam hassahana ýüz tutdy. Synaglaryň netijesinde adamyň içegesindäki mikroorganizmleriň sarp edilýän uglewodlary fermentlemek arkaly alkogol öndürýändigi anyklandy. Awto-piwo sindromy diýlip diagnoz goýlan adam antibiotikler we probiotikler bilen bejerildi. Soň bolsa adam saglygyny dikeltdi.