gullnara_
27.07.2023 08:29
Gyz bilen oglanyň arasyndaky duşuşyk hakda

Hytaý döwletiniň Çžesýan obasynda ýaşaýan 29 ýaşly Lýu atly oglanyň duşuşygy şowsuz tamamlandy. Ejesi oglunyň henizem özüne gyz dost tapyp bilmeýändigi üçin ogly bilen bir gyzyň arasynda duşuşyk gurnaýar. Ejesiniň teklipleri bilen razylaşan Lýu, näbelli bir gyz bilen restorana nahara gidýär we “jentelmenlik” hökmünde restoranyň tölegini öz üstüne alýar. Emma bu duşuşykda geň waka bolup geçýär.

Bu duşuşyga gyz ýeke özi gelmeýär. Ol hem tanyşmak isleýän oglanyň jomartlygyny, sahylygyny barlap görmek isleýär. Şol sebäpli bu duşuşyga  özüniň doganlary we dostlary bilen  23 adam bolup gelýär.

Gyzyň köp adamly gelmegi oglany geň galdyrýar. Gyz we onun ýakyn dost-ýarlary restoranyň tagamnamasyndan iň gymmat naharlary saýlap sargyt edýärler. Oglan göz öňünde bolup geçýän wakalardan derrew netije çykaryp, haýal etmän restorany gizlinçe terk etmegi ýüregine düwýär we şeýle hem edýär.

Netijede, gyzyň restoranda sargyt edilen tagamlaryň tölegini özi etmeli bolýar. Bu töleg 3 müň dollara barabar bolar. Bu bolan waka barada “Taizhou Evening News” ýerli metbugaty habar berýär. Oňa salgylanyp, bu habary “Daily Mail” neşiri hem okyjylaryna ýetirýär.
28
243
inte
4 Awgust 2023
Innikide yeke barandada zat iyman gaydar so gyz 😅
studentk
28 Iýul 2023
Fuuuuu😱
tolkun
28 Iýul 2023
Içime aş düşäýdi😅👏
gowymy
27 Iýul 2023
Mlds
gokgi
27 Iýul 2023
👌
lala
27 Iýul 2023
Oglan gowy edipdir menem seyle ederdim
wolf
27 Iýul 2023
Gyzyñ özi aldandyda hä😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.