jeniii
26.07.2023 23:18

Dogan ýaly


Gahar-gazap ömrüñ iýer,

Ýürek bolar doñan ýaly.

Ýumşatjagam hiç tapylmaz,

Edil süýtdeş dogan ýaly.


Sebäpsiz köp agladarlar,

Ajan suwly sogan yaly.

Hiç kim baryp aryñ almaz,

Edil süýtdeş dogan ýaly.


Ejiz bolsañ köp ezerler,

Ýazyñ ýagşy ýagan ýaly.

Arkanda dik duran bolmaz

Edil süýtdeş dogan ýaly.


Käýesede görmäñ gaty,

Gaýta ýylgyr, öwen ýaly.

Bar wagty bir gadyryn biliñ,

Soñ tapylmaz dogan ýaly.

17
53
bamy
28 Iýul 2023
👍👍👍
aglar
27 Iýul 2023
Diysen manyly
jeniii
27 Iýul 2023
@aglar, yok menem halap goydum
aglar
27 Iýul 2023
Berekella ozun duzdunmi
ress
27 Iýul 2023
Gaty doğry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.