sahetasyrow
26.07.2023 14:01

Ependiniň bagynda bir erik agajy bar eken. Ol beýleki iýmişlerden öň ýetişýän

eken. Bir gün görse, erikleriň üç sanysy saralyp bişipdir. Patyşa sowgat bermek üçin

olary ýygyp, bir sebede salyp alyp barýan eken. Sebediň içinde erikler her tarapa

urnupdyrlar. Ependi: «Köp oýnamaň, ýaş janyňyzdan aýrylarsyňyz, iýip goýaryn» –

diýipdir. Olar şonda-da, ikiýana urnupdyrlar. Ependi: «Bulary tenha kylmasam, biri-

birleri bilen oýnaşar ekenler» diýip, ikisini iýipdir we birini patyşa alyp barypdyr. Şa

mähremlik görkezip, Ependä halat berip goýberipdir.

Ýene bir gün Ependi patyşa üçin hyýar alyp barýan eken. Bir adam:

– Eý, Ependi, nirä barýarsyňyz? – diýip sorapdyr.

Ependi:

– Patyşa hyýar alyp barýaryn – diýipdir. Ol adam:

– Patyşa injir alyp baryň, injiri gowy görýär – diýipdir.

Ependi bu sözi oňlap, hyýary goýup, injir alyp barypdyr. Patyşa bolsa injiri asla

halamaýan ekeni. Patyşa bir adama emr edip: «Gaýdyp munuň ýaly zady meniň

dergähime getirmez ýaly, getiren zady bilen kellesine ur» diýipdir. Ol adam Ependini

injir bilen urup başlapdyr. Emma Ependi uruldygyça, şükür edýän eken. Patyşa:

– Eý, Ependi, bu wagt şükür etmegiň sebäbi nämedir? – diýipdir. Ependi:

– Eý, tagsyr! Her kim öz işini özi gowy biler. Men şükür etmän, kim şükür etsin.

Kelläme hyýaryň ýerine injir degse – diýipdir.

Patyşa:

– Bu sözüň manysy näme? – diýip sorapdyr. Onda Ependi:

– Men size hyýar alyp gelýärdim. Bir adam: «Ony goýup, injir alyp git» – diýdi.

Eger hyýar getiren bolsam, gaty hyýar degip, kelläm ýarylardy. Injiriň

mylaýymlygyna şükür edýärin – diýipdir. Patyşa kah-kah gülüp, Ependini ýene-de

halatlapdyr.

25
262
mulk
28 Iýul 2023
Gulkuncmoka diyip sonuna cenli okapdyryn
sha98
26 Iýul 2023
😁
ress
26 Iýul 2023
😂
marskoy
26 Iýul 2023
🤣🤣🤣🤣
wolf
26 Iýul 2023
👍🔥👍🔥👍
bamy
26 Iýul 2023
🤣😅👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.