gullnara_
25.07.2023 06:14
Mamamyňam bar aladasy mendim, olam öz pensiýasyndan meniň egin-eşik isleglerimi kanagatlandyrardy. Puly daýzalamdan soramagymy ýüregimi düwenimi mamama abdamda, ol çürt-kesik garşy çykdy. Özüniň meniň üçin ýygşyryp goýanja pulynyň bardygyny aýdyp, şonuň ujundanam maňa gerekli puly sanap berdi. Oturylyşyk güni hem ýetip geldi. Şäheriň çeträgindäki bir kafeni 2 sany oglan klasdaşym ýörite gidip, görüp gelipdirler. Kafeniň içi owadan eken, klasdaşlarymyz bolup biri-birimizi gutlaýardyk, tans edýärdik, daşary çykyp az kem şemallamak isledim. Daşarda meniň bir zatlar ýadyma düşüp ugrady, bu ýerler maňa örän tanyş ýalyla, ýok tanyş ýerler , hol aňyrdaky 4 gatly jaýyň 2-nji gaty owadan penjireli otag meni uzakdaky ýatlamalaryma alyp gitdi. Men ol penjireden kakama garaşypdym, hawa , bu şol penjire, emma tutusyny çalşypdyrlar, jaýyň gabadynda duran ulaglara seretdim, emma kileň soňky maşynlar, men olaryň içinden kakamyň birwagtky Wolwo kysymly ulagyny tapmadym. Ýoldan nädip geçendigimem bilmedim, ynhada ýokary galmak üçin basgançaklar , otaglaryň gapylary , ikinji gatada nähili çykanymy bilemok , ynha bu biziň gapymyz bolmaly , gapy könelipdir , emma bu möhür näme-kä? Möhüre seredip , öýde hiç kimiň ýokdugyny bilmek bolýardy. Birdenem goňşy gapy açyldy. Ondan bir ýerlere gidenimizde jaýymyzyň açaryny tabşyryp gidýän köneje goňşymyz , Jemal daýza eli bedreli çykdy-da, maňa ünsem bermän gapdalymdan geçip gitdi. Az salymdanam yzyna geçdi-de, maňa seretdi, emma tanamady, ol üýtgemändirem, emma azajyk horlanypdyr.
Oňa özümi tanadamda , elindäki bedresini ýuwaşlyk bilen ýerde goýdu-da, meniň salam berip uzadan ellemi berk gysyp , meni gujaklady. Ejemiň ýogalandygyna aýdamda, hamsygyp aglamaga başlady. Elimden tutup öýüne saldy. Ol henizem ýekeje özi ýaşaýar eken. Men ondan kakam hakda soradym. Jemal daýza bir az salym oturdy-da , kakamyň 3-4 aýlykda işinde para almakda günälenip , ýyl kesilendigini aýtdy, dünýäm garaňkyrap gitdi, iň soňkuja umydymyň , kakamyň indi birnäçe aýdan bäri sowuk gözenegiň aňyrsynda ýatyşy göz öňüme geldi. Öýümiz bolsa döwletiň haýryna geçirilipdir, kakama ýyl kesilenden soň , onuň soňky aýaly hem ondan aýrylyşyp gidipdir, olardan çagada bolmandyr. Jemal daýza bilen hoşlaşyp gaýdanymdan soň , klasdaşlamyň ýanyna-da barman , göni maşyn tutup, öýümize gaýtdym. Daýym bilen daýzam telewizor görüp otyrlar eken, Serdar bolsa ýatyp galypdyr, mamam bolsa namaz okaýar eken. Mamam namaz okap bolan badyna, oňa kakam hakda eşidenlemi gürrüň berdim. Mamam meniň gürrüňlerimi diňläp , indi näme niýetiň bar diýen terzde, alaçsyz göreçlerini maňa dikdi. Bolan wakany daýymada aýtdym. Emma daýym : “Şol haramzada tüýs geregi hem şol, uýamy sygdyrmadyk adama men hem öz ýüregimde ýer bermen” diýdi. Garaz ony öwmediler. Maňa-da ony unutmagy maslahat berdiler. Emma men ony unudyp bilemokdym. Köp wagt geçmänkä-de , okuwa giriş ekzamenleri başlady. Özüm lukmançylyk ugruny halaýadym, şonuň üçinem Marydaky lukmançylyk mekdebine tabşyran synaglarym şowly boldy. Talyplyk döwri dowam edýärdi. Şol günem howanyň sowuk günleriniň birinde,okuwdan çykyp , öýümize golaýlap gelýärkäm, eli arak çüýşeli , sakgal basyp giden bir adamyň ýoldan çaýkanyp gidip barşyna gözüm düşdi. Gabadyndan geçip, onuň ýüzüne-de seretmän , öýümize tarap sowuldym, emma gulagyma eşidilen sözler , meniň ädimimiň togtatmagyna getirdi.
-Oglum, bu senmi balam, gel ahyry , kakaňy gujaklasana...
Bu sesler meni şol ejem aradan çykanda,özi bilen äkitmegi söz beren seslerdi. Yzyma seredip , kakamyň gözlerine seretdim. Ol gowy horlanypdyr , gözleri içine çöküpdir. Sowukdan ýaňa onuň endamy titir-titir edýärdi. Özi hem şol soňky gezek görşümdäki ýaly , çüýşesini zyňdy-da , ellerini gerdi. Özüme tarap gerilen ellere tarap ýöneldim. Emma birdenem yzymdan galmagal eşidildi. Daýym öýden ylgap çykdy-da, meniň öňüme düşdi. Kakamy kowdy , näler dillenjekdim, emma şu çaka daýymyň diýenine ýok diýip görmändim. Kakam daýymy diňlänokdy, onuň iki gözi mendedi , emma daýym ony bat bilen itdi-de, meniň garşylygma bakman , elimden tutup öýe saldy. Öýde janyma jaý tapamokdym, daşarda üşäp kakam garaşýardy, emma daýym maňa öýden çykmagy gadagan edip, özi daşaryk çykyp gitdi. Penjireden daýymyň kakamy zor bilen ulaga mündürip, alyp gitjek bolup duranyny gördüm. Kakam : “Men oglumy görjek” diýip gygyrýardy, emma daýym ony diňlänokdy hem. Çydap bilmedim, öýden okdurylyp çykdym-da, arany açyp barýan ulagyň yzyndan ylgadym. Sesimiň ýetdiginden kakama gygyrýardym. Emma ulag arany açyp gitdi. Köp wagt geçmänkä daýym dolanyp geldi, bolan wakalary daýzamdan eşiden mamam daýymdan gaharlydy. Ol meniň ýagdaýyma dözmän, daýymdan kakamy getirmegimi talap etdi. Emma näme üçindir daýym diňlejegem bolmady, öz otaglaryna girip gitdi-de, gapyny hem şarkyldadyp ýapdy. Daýymdan kakamy obanyň çetindäki potratçylygyň ýanyna düşürip gaýdandygyny anykladym. Ylgap gitdimde, şol ýerdenem kakamy gözledim. Emma tapmadym, howada garalmaga başlady. Daýym hem maşyny bilen yzymdan geldi, ony mamam oturtmadyk bolsa gerek, maşynyň yzynda mamamam otyrdy. Üýşüp kakamy gözledik, ýöne tapman , kakamsyz öýe gaýtmaly bolduk.
Kakamdan derek tapylmady. Iki günden soň, onuň uly ýoluň gyrasynda geçýän gury ýabyň gyrasyndan tapypdyrlar. Onuň içgili ýagdaýda uklap, sowukdan aradan çykandygyny anykladylar.
Men kakamyň aradan çykdy habaryny gelip aýdanlarynda, gulaklaryma ynanmadym. Özümi lampa aşak göýberdim-de, uly ilim bilen aglamaga başladym, daýymam ýüzüni aşak sallap, ýalňyşandygyny boýun aldy. Şol gün kakamy gözläp tapmandygyma gaty namys etdim. Belki özüm sowukda ölen bolsam, has gowy bolardy diýibem pikir etdim. Kakamyňam belli günlerini edil ejemiňki ýaly edip, sowuşdyrdyk. Indi her ýyl ejem bilen birlikde, kakamyňam doglan gününde, ony ýatlaýas. Hökman doglan gününde däl, men ony islendik wagt ýatlaýan. Daýym şonda kakamy kowup gaty ýalňyşypdy, men kakamdan öýkelemändim ahyry. Ejem pahyr ýogalanda, ol meni almaga geljekdigini söz beripdi. Belki ol şol gün sözünde tapylandyr. Emma meniň alaçsyzlygym, kakamyň heläk bolmagyna getirdi...
Oglan elindäki torta seredip , sesini çykarman oturdy. Menem başga gürlemäge zadam tapmadym. Biz ol oglanyň düşmeli ýerine häli gelipdik. Men onuň bilen gadyrly hoşlaşdym-da , öz ýoluma rowana boldum. Onuň kakasy betbagt hem bolsa, ogly kakasyny hemişe gowulykda ýatlaýar eken. Ol heniz birinji klasa barmanka, kaka mährinden jyda düşüpdir. Emma şu güne çenli, kakasyna garaşypdyr. Eýsem onuň tortundaky “Kakajan , doglan günüň gutly bolsun” ýazgy hem, muny aňryýany bilen tassyklaýardy.

Soňy
Awtoryny bilemok. Bilseňiz ýazaýyň.
27
262
garik
30 Iýul 2023
Gowy hekeýa eken manyly
bamy
25 Iýul 2023
Awtoryny bilmeseň nireden okadynyz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.