gullnara_
24.07.2023 17:28
Ejem gerekli goşlaryny alandan soň, gapyny gulplap, açaryny goňşymyza berdi-de, meniň elimden tutup ýola çykdy, mundan ozalam şeýle ederdik , eger kakam öýde ýok bolsa, ejemem bir ýere gitmekçi bolsa, onda açaryny goňşymyza goýýardyk. Mamam biziň gelenimize begendi, öýde Guwanç daýym , aýaly Aýlar daýzam hemem olaryň ýakynda dünýä inen oguljyklary , Serdarjygam bar eken. Men Serdarjygy ozalam görüpdim, sebäbi ejem ikimize geçen aýda Serdarjygyň bolandygyny mamam buşlapdy.Şonda ejem begenipdi, meni hem alyp mamamlara, bäbejigi görmäge gelipdik. Aslynda Guwanç daýym ejemiň süýtdeş dogany däldi. Babam aradan çykmandan ozal , ony öz agasyndan ogullyk alypdyr. Sebäbi ejem dagy bäş gyz dogan eken. Men bu zatlara ol wagtlar düşünmesemem, daýymy hakyky daýym hasaplardym, sebäbi ol meniň ýekeje daýymdy ahyry.
Agşam ejem meniň ýerimi salyp berdi , özi hem gapdalyma geçip, meni ýatyrdy. Oňa ýatanymy bildirmek üçin , gözlerimi ýuman boldum, hyýalymda kakam janlandy. Ol bu wagt näme edýärkä, näme üçin ol irden ejeme gaharlandyka? Birdenem mamamyň ýuwaşja sesi eşidildi:
-Ýatdymy?!
Ejemiň sesi mamamyňkydanam ýuwaş eşidildi:
-Ýatdy eje.
-Gyzym , sen gutarnykly oýlandyňmy , eýsem bu barada ýoldaşyň hem çürt-kesik aýtdymy?
-Hawa eje , ol şol aýal diýip , mendenem , hatda ýeke oglundanam geçdi, men näme edeýin ejejan?!
-Bir alajy bolar gyzym, kakaň pahyr gezip ýören bolsa , hökman bir zady bolardy.
-Bu zatlary Guwanja duýdurdyňmy?
-Hawa gyzym, Guwanç düşüner-le welin...
-Bilýän eje, oňada kyndyr, indi ol bizi hem eklejek bolsa...
-Ýok gyzym, meniň pensiýa pulumam bize ýeter.
-Eje, şondada men özümi oňaýsyz duýýan.
-Hudaý bardyr gyzym, ertire çykaly, gyz doganlaňam ýerli-ýerden goldarlar.
Şondan soň mamamdanam, ejemdenem ses çykmady. Menem ejemiň ýylyjajyk gujagyna dolup, ýatyp galypdyryn. Şol gijeki bolan gürrüňlerden soň, men käbir zatlara düşünjek boldum, olam indi kakamyň bizi almaga gelmejekdigine , emma men muňa ynanamokdym, kakam heýem meni taşlarmy , eýsem ol meni terk etse, onda indi kime sowgat alyp bersin?! Mamamlarda ýaşaberdik, arasynda daýzamlar oturmaga gelerdiler, olar gelen güni öýde kiçijik şagalaň bolardy. Ejem olar gelen güni , ähli gaýgysyny unudardy, şonuň üçinem men daýzamlaň gelmegni köpräk dilärdim , emma kakamada garaşýardym , ýöne kakam geläýenokdy. Bir gün ejem bilen bazara gitdik, güýzde men mekdebe gitmelidim , ejem bilen meniň halan portfelimi aldyk-da, okuw eşikleriniň ugruna çykdyk, şonda biz ozalky goňşymyza duşduk, ol biz bilen elleşip salamlaşandan soň, kakamyň bir aýal bilen ýaşaşýandygyny gürrüň bermegi, ejemem, meniň ýüregimem oda saldy. Ylgap baryp, şol kakamyň ýanyndaky aýalyň saçyndan tutup, ony ýere ýazaýasym geldi, ejem goňşymyzyň aýdan gürrüňini ýüzüni sallap diňledi-de, soňam onuň bilen hoşlaşdy, okuw eşiklerini almaga başga güne geçirip, öýe gaýtdyk. Mamama kakamyň bir aýal bilen ýaşaşýandygyny aýtdym, mamam bolsa : “Beý diýmäweri janym, kakaň diňe ejeň bilen ýaşaşar, ol häzir iş saparyna gidipdir, indiki hepde sizi almaga geljek” diýdi , diýip meni bagryna basdy. “Kakamy haçan gördüň , mama” diýip , onuň gujagyna doldum.
“1 sagadam bolanok , siz bazara giden badyňyza olam yzyňyzdan geldi-dä” diýip, mamam gözüniň ýaşyny saklap bilmedi. Men mamamyň aldamajagyna ynanýardym, sebäbi uly adamlar hiç haçan aldamaýarlar ahyry...
Gürrüň şu ýere ýetende, biz özümiziň taýýar tortlarymyzy almak üçin, garaşyp durduk. Ýörite gaba gaplap berenlerinden soň, tölegini töledik-de, tortumyzy alyp gaýdyp, ýene-de meniň maşynyma ornaşdyk.

Ejemiň wada berşi ýaly, indiki dynç güni ýene bazara gitdik. Okuwa degişli ähli gerekli zatlary alanymyzdan soň, ilkinji gabat gelen ulaga münüp , öýümize däl-de , mamamlara gaýtdyk.
Mekdep wagty hem başlady. Ejem meni agşam gowy edip ýuwundyrypdy, elimiň-aýagymyň dyrnaklaryny alyp berdi, hatda daýym saçymy hem kiçeldip berdi. Irden ejem meni ütüklije mekdep eşiklerimi geýdirip, elimden tutup mekdebe alyp gaýtdy. Ozal kakam bilen şäherde ýaşanymyz üçin, kän goňşularymyzam tanamokdym. Emma bu ýerdäki oglanjyklaryň köpüsini men ozalam görýärdim. Hanha Myrat , ol mamaňlaň aňyrsyndaky köçede ýaşaýar. Ol gyzjagaz bolsa Altyn, ol Myratlaryň goňşusy. Emma bizi kabul eden mugallymy men tanamadym, ýakymly ýylgyrýan bu aýal mugallym ejem bilen bir zatlar gürleşenden soň, ony hoşamaýlyk bilen ugratdy-da, meni beýleki özüm ýaly okuwçylar bilen klasa saldy. Men birinji setiriň ikinji partasynda , ozal görmedik, özümden boýy kiçiräk gyz bilen otyrdym, ol şeýlebir gysykdy, surat çekemizde galamyny sorasam , bermezdi. Mekdepde dürli harplary aýtmagy öwrenýärdik, mugallymymyz kämahal okuwçylardan öz maşgalalary hakda gürrüň bermegini soraýardy. Bir gezek ol menden ejem hakda sorady, ejem hakda aýdyp berenimden soň , ol meniň berekellamy ýetirip, ýerime geçip oturmagymy aýtdy. Emma kakam hakda... Ol meniň kakam hakda soramady ahyry , beýlekilerden-ä soraýar, ýa-da ol meniň kakamy tanamaýany üçin soranokmyka , meniň kakam hemmeleriň kakasyndanam gowy ahyry. Kämahal klasdaşlamy kakalary getirerdi, men olaryň ýanynda kakamyň meni mekdebe getirmän , diňe ejemiň , kämahal bolsa mamamyň getirmegine birazajyk kemsinerdim, emma kakamyň geljekdigine ynamym, meni o deýin gynandyranokdy. Wagt geçip durdy, indi men köp zada öwrenişdim, Serdarjygam indi ola ýöremek eken, ylgamagy hem başarýardy. Ejem daýzama iş ýetirmän, öýüň ähli işini ederdi, men bolsa mekdepden soň, obaň beýleki mal bakýan oglanlary bilen , daýymlaň 2 sany sygyrlaryny bakardym. Şol agşam ejemi der basdy, uzakly gije ýatyp bilmän , arasynda-da demigip , ýüregini tutup oturýardy, her näçe ýatasym gelmese-de , meni gapdalky jaýa geçirip ýatyrdylar. Arman şol agşam ejem meni hemişelik taşlap gitdi, 5-nji klasa geçip ilkinji alan bäşligimi hem görkezmäge ýetişmedim. Ýogsam ejeme 5-nji klasa geçip ,diňe bäşlik bahalar bilen okajakdygymy aýdypdym. Aglanymada seretmän, şol günüň ertesi ejemjany tabyda ýükläp, uly adamlar eginlerinde göterip alyp gitdiler. Meni mamam gujaklap galdy, şol gün agşam öýde daýzamlaň ýanynda olaryň agy sesine gözümiň ýaşyny akdyryp ýatyrkam,açyk gapydan howludan geçip giden bir erkek adama gözüm düşdi. Ony men tanapdym, tarsa ýerimden turubam , gapa tarap okduryldym , gapydan çykybam , bütin howlyny ýaňlandyryp gygyrdym:
-Kaka , kakajan...
Howlukmaçlyk bilen ýöräp barýan telpekli adam meniň gygyrmagyma sakga durdy, birdenem yzyna seredip:
-Oglum, inerim, gel hany kakaňy gujakla – diýip gollaryny gerdi,
-Kakajan , meni almaga geldiňmi? Kaka , häli irden ejemi alyp gitdiler-dä , ony babamyň ýanyna alyp gidipdirler , olam basym geler diýdiler, soň biz ýenede bile ýaşarys, goňşymyz Jemal daýza seniň aýal alandygyňy aýtdy welin, men-ä ynanmadym, mamam seniň iş saparyňa gidendigiňi aýtdy.
-Oglum , ynanma , men seni gowy görýän-ä , häzirem men işliräk , ertir seni almaga geljek , maňa garaşgyn – diýibem , meniň yzym bilen gapydan çykan , ejemiň iň uly aýal dogany , Gülälek daýzama seretdi. Gülälek daýzam geldi-de , meniň elimden tutup öýe saldy. Kakam şol oturyşyna otyrdy, onuň gözlerinden akýan ýaşlar çyranyň yşygyna ýalpyldap görünýärdi. Indi ertir kakam geler , ejemem gelse , biz ýene-de jemlenşeris , emma ne ejem geldi , ne-de kakam. Ol ertir geljek diýsede , eýýäm men nijeme ertirleriň hasabyny hem ýalňyşdym.
 Ýöne men onuň işlidigini bilýädim, şol işi gutaran badynda-da , ol hökman meni almaga geläýmelidi...
Wagt geçdi . Indi biz ulaldyk. Bu günem mekdepdäki iň soňky ekzamenler. Şuny hem dynsak,
ondan soň attestatymyzy alybermeli. Klasdaşlarymyz bolup, attestatymyzy alanymyzdan soň , şäherde bir kafede oturylyşyk etmäniň maslahatyny düzdük. Goşmaly möçberiň pulyny hasaplanlaryndan soň, özümde pul bolmandygy sebäpli, daýzalamdan soramagy ýüregime düwdüm. Mamam bilen daýyma azar bolmajak bolýardym, olaryňam ýagdaýna aklym çatýardy, sebäbi her gezek okuw esbaplaryny alamda-da , olaryň alyp bereni bilen oňýardym. Daýym maňa edil öz ogly Serdaryňky ýaly zatlary alyp bermese-de , onuň alyp beren zatlary meniň göwnümden turýardy
D.bar
32
233
zybagozel
24 Iýul 2023
Garasyas dowamyna
sweety
24 Iýul 2023
Dovamyna garashyan
sha98
24 Iýul 2023
Manylu
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.