Bu gün ejemiň doglan güni,
ejeme iki hepdeden bäri näme sowgat etjegimi bilmän dürli dükanlara aýlanyp gördüm, emma erkekleriň köpüsinde bolşy ýaly, Alla maňada gowy sowgat saýlap bilmek ukybyny bermändir, dükandan-dükana selpäp ýörşüme, bir bildirişe gözüm düşdi. Bildirişde “Täze-Aý” atly tort kärhanasynyň süýji nygmatlary hödürlenýärdi.
Hyýalymda ejeme ýüzünde “Ejejan uzak ýaşa” ýazgyly , ullakan tort sowgat etmek pikiri döredi. “Täze-Aý” kärhanasy uzakda däl eken, ol ýerde tortlary zakaz edeniňden soň, uzak wagt geçmänkä islendik ölçegde taýýarlaýardylar. Men özüme gerekli torty zakaz edip durkam, ýanyma uzyn boýlurak, özüm bilen deň-duş oglan gelip, kakasynyň doglan gününi gutlap , tort zakaz etdi. Zakaz edilen tortlary belleşdirip alýan gyz oglandan kakasynyň ýaşyny sorady. Oglan ýüzüni aşak edip ýylgyrdy-da : “Eger-de kakam diri bolan bolsa , bu wagt ol 53 ýaşynda bolmalydy, arman ol indi biziň aramyzda ýok, torta ýaşyny görkezmek hökman däl, diňe “Doglan günüň bilen kakajan” diýip ýazaýyň” diýmesi meni örän geň galdyrdy. Muňa zakazlary belleýän gyzam geň galan bolsa gerek, ol ýanymda duran oglany birinji gezek görýän ýaly, çiňerilip seretdi-de , başyny atyp bir zatlar belleşdirdi. Tortumyzyň bäş-alty sagatdan taýýar boljakdygyny aýtdylar. Tort taýýarlaýan kärhanadan çykdym-da , maşynyma mündüm, az-kem şähere aýlanmak niýeti bilen öňe sürüp başlamda, ýaňky ýanymdaky tort zakaz eden oglan köçä çykyp , ulaglara elini galdyrmaga başlady. Onuň bilen gürrüňdeş bolmak höwesi, meni saklanmaga mejbur etdi. Oglan gapyny açdy-da , barmaly ýeriniň salgysyny aýtdy. “Mün” diýdim-de , ýene-de ýolumy dowam etdirdim. Oglan daş-töweregine seredip , dymýardy. Ilkinji swetofordan geçenimizden soň, dymyşlygy özüm bozdum:
-Dost, sizden bir zat sorasam bolarmy?!
-Soraň , bilenimi aýdaryn.
-Ýadyňyzda bolsa , ýaňy biz torty bile zakaz edipdik, şonda siz kakaňyz barada aýdypdyňyz welin...
-Hä, sen aradan çykan kakam üçin tort zakaz edenimi geň gördüň gerek!? – diýip oglan uludan demini aldy-da, öz ýatlamalar ýumagyny çözlemäge başlady :
“Umuman-a men öýümizde ýeke ogul, biziň maşgalamyz örän agzybirdi, ejem , kakam , olar meniň üçin dünýe barymdy, kakam Şatlyk şäherinde gaz edaralarynyň birinde kiçi bolmadyk ,gowy aýlykly wezipeleriň birinde işleýärdi, ol ene-atadan ir galypdyr, ýeke çaga bolansoň, ol garyndaşlarynyňkyda terbiýelenipdir. Ejem öý hojalykçydy. Kakam her gün öýe gelende, meni hökman begendirýärdi, bir gün oýunjak getirse, ikinji gün iýer-içer ýaly zatlar bilen göwnümi tapardy. Özüme getirlen sowgatlary alyp, maňa seredip duran ejem bilen kakamyň mähirli gözlerine seredip ýylgyrardym. Olaram meni begendirseler, özlerine şondan başga zat gerekmejek ýaly duýýardylar. Ondan soň bile oturyp agşamlyk naharyny iýýärdik. Kakama agşam naharynda goňşymyzyň ogly Aman bilen urşup ýeňendigimi buýsanç bilen gürrüň bererdim. Ejem nahar guýup durşuna : “Heýem urşarlarmy, oglanjyklar akylly bolmaly ahyry , eger indi uruşsaň kakaň saňa oýunjak alyp bermez” diýip , azajyk gaharlanardy. Kakam welin tersinedi : “Meniň oglum tüwelemedir-le , zordur meniň oglum, saňa indiki gezek uly maşynam alyp berjek” diýip, höwesime höwes goşardy.
Şol günem edil şu günki ýaly , yssy bolupdy. Asla ol şu gün bilen bir gündi. Meger sizem şol wagt ejeňiziň doglan gününi belläp oturan bolsaňyz gerek” diýip ol maňa seretdi-de , ýene-de gürrüňini dowam etdirdi:
“Kakam bu gün irden doglan güni üçin işdeş ýoldaşlaryny çagyrjakdygyny aýtdy-da , ejeme her dürli taýýarlamaly naharlary aýdyp, eslirägem pul goýup gitdi. Kakam işine gidip barýarka, ýüzugra ejem ikimizi bir uly söwda dükanynyň ýanynda düşürip, maňa elini bulap , öz ýoly bilen gitdi. Ejem ikimiz dükandan gerek-ýarak zatlarymyzy alyşdyryp, öýümize gaýtdyk.
Men kakamyň geçen hepde getiren tüýlek aýyjygyny oýnaýadym, ejem bolsa başagaý bolup biş-düşüň ugrundady. Gün ýaşmana başlandan, penjireden kakamyň ýoluna garap başladym. Ol uzaklaşdyrman geldi, ýanynda-da 4 sany özi ýaly daýaw adamlar bilen 2 sany gelinem bardy. Gelinleriň biri ors aýal eken, ol meniň elimden tutdy-da : “Kakaň gowumy ejeň?” diýip , üýtgeşigräk görnüşde türkmen dilinde sorady. Kakama seretdim-de : “Kakam” diýip , oýlanman jogap berdim. Muňa kakamyň ýanyndaky gelenleriň hemmesi uly ses bilen begendiler, ýaňky aýal bolsa taýly gezek ýaňagymdan ogşap : “Molodes, me muňa bir zatjyk alarsyň” diýip iri pul uzatdy.”
Oglanyň şu ýere ýetende , “Siz meniň düşür diýen ýerimden şu wagtjyk geçip gitdiňiz” diýmesi, meni aljyratdy. Yzyma öwrülip , ony eltmeli ýerine eltjek boldum, emma ol : “Ýok, hökman däl, meniň barmaly ýerim uzakda däl-ä, pyýada bararyn” diýip , ýol hakyny berdi-de, maşyndan düşdi. Ol oglan bilen tortumyzy almaga barmaly wagtymyz deň bolansoň, sagat 4-lerde şu ýere çykyp , garaşmagyny haýyş etdim. Ol hökman garaşjakdygyny aýdyp, telefon nomerimi belläp aldy...
..Şol oglan bilen belleşilen wagtda, barmaly ýerimize bardym. Ol garaşyp dur eken, men bärden ony göremde , telefonyma ondan jaň gelip ugrady, ol meni görenokdy, telefony alman, gabadyna ýetip signaly basanymdan , meni gördü-de , howlukmaçlyk bilen ulagyma mündi. Ondan eger gizlin bolmasa, kakasy hakdaky gürrüňiň dowamyny aýdyp bermegini haýyş etdim. Bu ýerde aýtmasyz zadyň ýokdugyny aýdyp, oglan wakanyň yzyny dowam etdi:
“Kakamyň doglan güni örän gowy geçdi, myhmanlar meniň ejemiň bişiren naharlaryny öwýärdiler, ejem olaryň ýanyna oturanokdy, ol aşhanada bolup, kakam näme buýursa-da haýal etmän ýerine ýetirýärdi. Ejem menem öz ýanyna çagyrsa-da , kakamyň gujagyndan turasym gelmedi. Hälki maňa pul beren ors aýaly kakamyň golaýynda otyrdy, ol kakama rus dilinde bir zatlary aýdyp, syrly ýylgyrýardy, kakamam oňa rus dilinde jogap berensoň, men olaryň hiç gürrüňine düşünmedim. Arasynda olar arakdan ýarty edilip guýlan stakanlaryny çakyşdyryp , içýärdiler. Aýal adamyň arak içişini görüp geň galypdym.Garaz men kakamyň gujagynda uklap galypdyryn. Irden turamda kakam işine gidipdir. Ejem bolsa içeriniň arassaçylygyna esewan edýärdi. Onuň gözleriniň çişip durmasyna geň galdym, ol ýaha gije ýatmandyr , ýa-da bir zat üçin aglapdyr. Ony sorajagam bolman, öz oýunjaklama güýmenmäge başladym. Kakamyň gelmeli wagty boldy, men ýene-de onuň gözlerine ýolumy dikip garaşmaga başladym, ol uzaklaşdyrman geldi, emma aýak üstünde zordan ýöreýärdi, köwşüni çykardy-da, nahar zadam iýjek diýmän , süýnüp ýatyberdi. Ejem ony zordan , ýorgan-düşek ýazylgy ýere geçirip , egnindäki kostýumyny kynlyk bilen çykardy. Ondan soň ejem ikimiz bileje , kämahal kakamyň iş saparlaryna gidip biz bilen bolmaýşy ýaly, ikiçäk agşamlyk naharyny iýmäge başladyk. Ejem ozalkylar ýaly şadyýan däldi, gürlemänjik naharyny iýdi-de, maňa hemem özüne çaý guýdy, soňra bolsa meniň käsäme iki sany gandy atdy-da, saçagyň üstündäki zatlary ýygnamaga başlady. Agşamlyk telewizorda multfilm gutaran badyna, ejem meniňem düşegimi ýazyp berdi-de, garşylygyma bakmazdan ýatmaga mejbur etdi. Irden kakamyň gohuna oýandym, ol bir zatlar diýip ejeme gygyrýardy. Kakamdan mundan ozal beýle gaharly sesleri eşitmändim, şonuň üçinem näme etjegimem bilmän, çugutduryp duranymy bilýän. Ejem meni gördü-de, kakama : “Ýuwaşrak bolsana, seret , oglumyz turdy” diýip , gözlerindäki ýaşyny süpürdi. Kakam gaharly nazaryny maňa aýlap, her gün meniň agşamlyk süpürip, ertirki işine taýynja edip goýýan köwşüni geýdi-de, gapyny bat bilen ýapyp çykyp gitdi. Ejem meni gujaklady-da: “Oglum, hany agşam näme düýş göreniňi aýdyp berdä, sen agşam bir zada-ha jykyr-jykyr güldüň” diýip , ýaňagymdan ogşady. Agşam näme düýş görenim ýadyma düşmese-de , ejemi aldap düýşümde mamamlara gidýändigimi aýdyp berdim. Sebäbi mundan ozallar ejeme düýşümde mamamlara gidýändigimi aýdamda, ejem maňa “Onsaň saňa mamaň nämejik sowgat berdi” diýip, begenip sorardy. Ejem bu gezek ýüzüni aşak sallap , aglap bolan çaganyňky ýaly sojady-da, meni örän begendirdi, hawa ol maňa şeýle diýipdi : “Oglum , mamaňlara şu gün hökman gideris”...
Dowamy bar...