Gözli körden beter kör bolmaz. Hawa, adam kesirlik, sowatsyzlyk körlügine duçar bolsa, iň ýamany şol. Şol zeýilli ynsan gözüniň görüp duran zadynam inkär edýändir. Iň gowy görnüşdenem bolgusyz manylary çykarar. Gülli-gülälekli baglyga eltseň, «Meni zibillige alyp geldiň» diýip, ýer depip durandyr. Gowudan erbedi tapawutlandyryp bilmez. Dikdüşdiliginden ýaňa gözi gapykdyr.
Pygamberimiz (s.a.w) «Adamlar bilen akylynyň çatyşyna görä gepleşiň» diýipdir. Şahyr öz goşgusynda şeýle diýýär:
Neçün reňkden gür berýäň köre?
Söz aýtgyn ynsana aklyna görä.
Kyssahan.blog