Bir gün Azim ir bilen ýola çykdy.
Ýolda ol, uly bir daşy göterjek bolýan adamy gördi. Daş ulydy, ol adam näçe jan etsede, daşy götermek beýlede dursyn, hatda ýerinden hem gymyldadyp bilmedi. Biraz wagtdan adam ýene bir daşy getirip beýlekiñ ýanyna goýdy. Bu gezek iki daşy birden göterjek boldy, ýene-de bolmady. Azim geñ galdy "Bu nä boluş ! Daş ýeke wagty ýerindenem gozgadyp bilmedi, indi bolsa iki boldy, hasam agyrlaşdy. Ýerden nädip götärkä ?" diýip pikir edip durka Adam gitdi üçinji bir daşy getirip ýañky ikisiniñ ýanyna goýdy. Daş üç bolandan soñ, üçisini birden ýeñillik bilen galdyrdy...
Azim bu ýagdaý gaty geñ galdy we ýoluna dowam etdi...Ýolda bir goja duşdy we oña gören wakasyny gürriñ berdi. " Ýolda bir adam gördim, bir daşy galdyrjak bolýardy, ýòne näçe jan etsede, ýerindenem gymyldadyp bilenokdy..." Şeýdip gören zatlaryny ýeke-ýeke goja gürriñ berdi...
Goja: Bu, şeýle adama meñzär. Bir günä iş eder, o günä oña gatyr agyr görner, oña çydap bilmezlikden gorkar, wyźdany syzlar, ukysy gaçar, gözine dünýe dar görner... we şu ýagdaýda wagty ýene bir günä iş eder. Indi bu günä oña biraz ýeñil görner, sebäbi daş iki bolandyr. Daşlar iki bolansoñ görer, ýerinden biraz gymyldadyp boljak. Birinji daş ýekedi, ony ýerinden gymyldadyp bolanokdy. Mundan soñ üçinji bir günä iş eder, daşlar üç bolandyr. Indi oña hemme günäler añsat görner, ýeñil geler...
# Kä wagt, ýeke wagtym şu hekaýa ýadyma düşýä. Gözlermi ýumup şol adamyñ ýerine özimi goýup görýän. Ýöne näçe seretsemde, daşlaryñ içinden özimi tapyp bilmeýän...🧢
📌 Hekaýa gysgaldylyp alynan. Terjimede ýalñyşlyk bar bolsa bagyşlañ.
📙 Mevlana.