Lilia_
22.07.2023 09:45
Suw barada bulary bilýäňizmi?

Uly adamyň bir gije-gündiziň dowamynda sarp etmeli suwunyň möçberi onuň agramynyň her kilogramyna 30-40 gramdan düşmelidir.

Bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, 60 ýaşan adam ömründe 50 tonna töweregi suw içýändir.

Şülede 80, çörekde 50, etde 58-67, gök we miwe önümlerinde 90 göterim suwuň bolýandygy anyklanandyr.

Tomus paslynda adam gündelik 2-2,5 litr suw içmelidir. Ýeriň yssy guşaklyklarynda bir gije-gündiziň dowamynda 3,5-5 litr suw, pes çyglylykly açyk howada işleýänlere bolsa, 6-6,5 litr suw zerurdyr.

Adam adatça bir günde 2-3 litr suw ýitirýär. Yssy howada, ýokary çyglylykda, sport bilen meşgullanylanda, suw has hem köp sarp edilýär. Bir günüň dowamynda hatda adamyň demi bilen ýarym litr suwuň çykýandygy anyklanandyr.

Adamyň bedenindäki suwuň mukdary onuň agramynyň 50-80 göterimine, şol sanda täze doglan bäbejiklerde 86, ýaşy durugşan adamlarda 50 göterimine barabardyr.

Beden agzalaryndaky suwuň mukdary barada aýdanymyzda, ganyň 85, böwrekleriň 82, beýniniň 75, myşsalaryň 70, bagryň 69, süňkleriň 20-30 göterimi suwdur.

Balygyň 34, meduzanyň 99, ýeralmanyň 76, almanyň 85, pomidoryň 90, hyýaryň 95, garpyzyň 96 göterimi suwdan ybaratdyr.

Taýýarlan: Mahym ANNADURDYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
88
236
studentk
28 Iýul 2023
Dogryy
7878
22 Iýul 2023
Gaty gowy maglumat 🙂🙂
wolf
22 Iýul 2023
H2O 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.