Селби
27.03.2020 18:34
BILGINIÑ

Söýgiñ jübütlerine jennetdir zemin
Hatda duşmanyñam görnermiş eziz
Ýöne bu ykbalyñ söýgime heniz
Beýle bagty bermänligin bilginiñ

Seni ýüregimde göterip ýörin
Eşdeñok şondada ýüregmiñ zaryn
Çyn yşka bermişem ýüregmiñ törin
Şonsyz dünýäñ arzanlygyn bilginiñ

Görle tylla Güni gabanyp asman
Bulutlar ýenede galdylar basga
Sen unudarsyñ men bolsa asla
Ömrüm saña gurbanlygyn bilginiñ

Diýsemde sen meniñ ýyldyzym aýgyz
Ýyldyzlar müñlerçe sen bolsa ýalñyz
Käteler özüñi duýaýsañ gamgyn
Bir ýerlerde meñ barlygym bilginiñ ...

Taganow Yhlas.
24
841
Селби
28 Mart 2020
2000y
Mesut
28 Mart 2020
Howa mn Balkan nacnji yyl
Селби
28 Mart 2020
Men dz siz bn sheyle dami?
Mesut
28 Mart 2020
Nireli sn
Селби
28 Mart 2020
Bolya pactii tanayasa ?
Mesut
28 Mart 2020
Gowy Hudaya sukir tansp bilersmi
Селби
28 Mart 2020
Salam hudaya shukur gowy ozuniz gowmy
Mesut
28 Mart 2020
Salam selbi gowmy yagdaylan
Aycicek
27 Mart 2020
Ajap?
Gülhan
27 Mart 2020
Bir yerlerde meñ barlygym bilginiñ!...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.