Lilia_
21.07.2023 02:15
Bu terapiýa özüňe bolan ynamy güýçlendirýär


Haýwan bilen terapiýa her bir adamda özüne bolan ynamy güýçlendirýär. Käbir çagalar haýwanlara adamlardan has köp ynanýarlar. Bu ýagdaýa diňe bir çagalarda däl, eýsem, ululara hem şeýle täsir edýär. At, it ýa-da geçi bilen gatnaşyk etmek köplenç özlerine ynam döretmek we kynçylyklary çözmek üçin gowy usuldyr.

Stressiz we haýwanlar bilen aragatnaşykda bolmak, özüňe hormat goýmagy, şahsy jogapkärçilik ukybyny ýokarlandyrýar. Režissýor Sebastian Kramer «Düzgünler köplenç aşa köp ulanylýar, haýwanlar bilen gatnaşygynda-da her kim olara eýerýär» diýip, belleýär.

Çagalar hem-de depressiýaly adamlar üçin at münmek, ony sypalamak gowy duýgulary berip biler. 52 adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlagda nemes doktory Şmidt özüniň doktorlyk dissertasiýasy üçin atlary ulanmagyň näderejede oňyn we adamyň we atyň bilelikdäki işiniň psihologiki ýagdaýy durnuklaşdyrýandygyny anyklapdyr.

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
87
109
aikamm
22 Iýul 2023
@boly, salam gowy gowmy ozniz
boly
22 Iýul 2023
Salam gowmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.