■ Frenk Abigneyl (1948)
Dünýäniñ in meşhur kezzaplarynyň biri Frenk Abigneýldir. Ol ýörite biliminin ýoklugyna garamazdan döwrünin in uly howa ýollary gullugynda birnäçe aýlap uçarmanlyk edipdir. Uçarmanlykdan bizar bolup uly hassahanalaryň birinde lukman bolup işläp başlapdyr. Lukmançylykdanam irip prokuratura edarasyna sümülipdir. Elbetde, onun ne-hä medisina ugrundan, ne-de hukuk ugrundan bilimi bardy. Abigneýl galphorlyk edip ýol almakda görlüp-eşdilmedik ukyba eýedi. Onun gallaplykdanam başy çykýan eken. Abigneýl millionlarça dollarlyk galp pul we çek yasabilipdir. Onun gallaplygyna hayran galmazlyk mümkin däl eken, çünki bank işgärleri boýunça ýörite hünärmenler onun yasan galp pullaryny hakyky puldan tapawutlandyryp bilmändir.
Abigneýl ele salnandan soñ FBR- niñ hasabyna işläp başlapdyr.
2002-nji ýylda dünýä belli kinorežissyor Stiwen Spilberg "Başarsan tut!" "Пoймaй меня, если сможешь"- "Catch Me If You Can") ady bilen Abigneýliñ kezzapçylykly durmuşyny ekranlaşdyrylypdy. Abigneýliñ roluny Leonardo Di Kaprio oýnapdy.
■ Wiktor Lýustig (1890-1947)
Asly çehiýaly Wiktor Lýustig ABŞ-da we Yewropada eden kezzapçylygy üçin tussag astyna alnyp, meşhur amerikan türmesi bolan "Alkatras" türmesine ugradylypdyr. Bir gezek ol Parižiñ "Eyfel" başnýasyny köne-küşül zatlary satyan jerçä "satypdyr". Lýustig hususanam pul yasaýan enjam satybam birgiden adamy aldawa salypdyr. OI eline alan enjamynyň pul çykarýandygyny aýdyp, adamlary aldamagy oñarýardy we ony 30 dollara satýardy. Elbetde satyn alynan enjam pul çykarmak küje, zat küje...
Wiktor Lýustig öz kezzaplygyndan diýseñ hoşal ýaşapdyr. Hatda ol "Dünýäde akmaklaryň şeýle kändigini. Yalan sözläp yaşamak nähili ajap!" diýip gaýtalamagy gowy görüpdir.
■ Ahmet Güney Zobu
"Raki" lakamly Ahmet Güney Zobu Türkiyänin taryhynda kezzaplyk bilen yaka tanadan tüýkesmelerin in meşhury bolsa gerek. Häzir Stambulyn Jahanhir rayonynda suw stansiýasyny yöredýän generallaryndan Hasan Ryza paşanyñ agtygy, Ikinji jahan ursy ýyllarynda Türkiyänin Moskwadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemsetdin Zobunyn ogludyr.
Geçen asyryn 80-nji ýyllary onuñ ýyldyzynyň parlaýan wagtydy. Raki (Rokki) lakamly bu kezzap esasan bikanun işler bilen meşgullanýan adamlary aldawa düşürýän eken. Şonuň üçin onun "müşderileri" hukuk goraýjy edaralara arz etmäge çekinipdirler. Ol pul çalşygynyn gadagan edilen ýyllarynda pul çalysjak bolup ýüz tutýanlary toruna salypdyr. Şeýle-de, Raki iñlis dilini suwara bilipdir. Bir gezek ol amerikan ofiserinin eşigini geyip myhmanhanalaryñ birinde "müşderisine" garaşyp durka, myhmanhana şol wagtyn premýer-ministri Süleyman Demirel gelip girýär. Süleyman Demirel amerikan ofiseridir öýdüp, onun bilen esli salym gürründeş bolupdyr.
■ Gerd Haydeman (1931)
Asyl käri žurnalist bolan Gerd Haydeman kezzapçylygyn täsin tilsimini oylap tapypdyr. Ol hemşerileri bilen bile yazan gündeligini "Gitlerin hut özüniñ ýöreden gündeligi" diýip birgiden adamyn "gulagyna münipdir". Döwrüñ in meşhur Žurnaly "Stern" bolsa onun aýdýan gündeligini 6 million dollara satyn alypdyr. Gülkünç yeri, gündelikde göze dürtülip duran yalñyşlyklaryň barlygyna garamazdan taryhy eserler boýunça ýörite hünärmenlerin muny añşyrmanlygydy.
■ Bernard Meýdoff (1938)
Bernard Meýdoff ABŞ-nyñ in meşhur we in uly maliýe edaralaryny "suwsuz äkidip suwsuz getirdi". Aslynda ol dünýänin in uly "NASDAQ" birža fondunyñ başlygydy. Meýdoff soñabaka dürli kezzapçylyk ýoly arkaly maliýe guramalarynyň pullaryny özünin dürli ýurtlaryn bankynda açan hasabyna geçiripdir.
Meýdoffyn kezzapdygy bilinenson tegelek 50 million dollar gürüm-jürüm bolýar. Meýdoff 150 ýyl azatlyk mahrum edilenem bolsa ýiten pullaryñ nirdedigini anyklamak başartmandyr.
2017-nji ýylda Meýdoffyn kezzapçylykly durmuşy hakynda Diana Enrikesiñ adybir eseri döräpdir.