gullnara_
19.07.2023 13:11
Bir mugallym:
«Şeýle bir synag aldym.Nädäýersiň, okuwçylaryň bary ikilik aldy!» diýip magtanypdyr.
Ýene bir mugallym:
«Okamadylar welin, menem her synpyň deň ýarysyny synagdan ýykdym!» diýip paňlapdyr.
Başga bir dersiň mugallymy:
«Men bolsa ýarysyndanam köpüsini düňderdim. Indem tomusda okuwa gatnatjak-da, kösäp-kösäp, täzeden synag aljak!» diýip diline bat beripdir.
Olaryň bu gürrüňlerini eşiden tam süpüriji bolsa:
«Men-ä häzire çenli «näsagym öldi» diýip begenip ýören lukman, «müşderim tussag edildi» diýip öwnüp ýören aklawçy görmedim» diýipdir-de, otagy birlaý arassalap ötägidipdir.
60
338
sweetify
21 Iýul 2023
İnni gördüm 👍
angelface
21 Iýul 2023
Tam supuiriji molumlardan akylly cykdy,sxuvagt sxonyaly mollumlar hakykatdanam ba
surat
21 Iýul 2023
wwwwwwww
20 Iýul 2023
@psiholog, dogry aytyan
ress
20 Iýul 2023
Ahli adamy bir ayakdan sürman 🤔
dowletmyrat1990
20 Iýul 2023
Suw pese akýada hemişe...
psiholog
19 Iýul 2023
Samsyk mugallymlar sebapli bilimsiz nesil yetisdi diyesim gelýär. Yone samsyk mugallym diyip mugallym yok. Eger baram bolsa sozumin basynda ona mugallym diyenim ucin bagyslan. Ol eyle beyik ada mynasyp dal
sha98
19 Iýul 2023
Guldesse siz mugallymy?
nuria
19 Iýul 2023
🤍
okayjy
19 Iýul 2023
Gowy Tymsal 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.