Gyzykly
27.03.2020 13:28
Durmusyn ozeni!!

Filosofiýa ylmynyň professory auditoriýanyň öňünde durup eline litr bankany alyp onuň içini hoz ýaly daşlar bilen doldurýar. Soňra oturan talyplardan: “Bu bankanyň içi dolumy?”
Talyplar: Hawa ol doly.
Professor täzeden bankany açyp onuň içindäkileri duran ýerinde biraz silkeleýär, daşlar silkinmä biraz aşak çökende onuň ýokarsynda biraz boş ýer galýar. Soňra ol talyplardan: “Bu bankanyň içi dolumy?”
Talyplar ýene şol jogabyny gaýtalaýarlar.
Professor bankanyň içinde indi ownuk çägäni guýýar. Çäge daşlaryň arasyndan geçişdirip, bankanyň ownuk boş ýerlerini dolduryşdyrýar. Professor şol soragyny ýenede gaýtalaýar.
Talyplar: “Hawa bu gezek bütinleý doldy”
Professor stolunyň aşagyndan bir bulgur suwy çykaryp, bankanyň içine guýýar, çägäniň üstüne suw guýlup, ol bankanyň içindäki çäge palçyk bolup aşak çökýär. Bankanyň ýokarsynda ýenede boş ýer galýar.
Talyplar bolup geçýän zatlara üns berip seredýärler.
Professor şeýle sözler bilen öz tejribesini dowam edýär: “Serediň! bu banka siziň durmuşyňyz diýip alalyň, bu banka ilki salan daşlarymyz biziň durmuşymyzdaky maşgalamyz, saglygymyz, dostlarymyz, öz çagalarmyz umuman biziň durmuşymyzda iň esasy bagt getirjek zatlaryň biri. Çäge bolsa bu biziň ähli durmuşymyzda bolup geçýän ownuk wakalar. Eger biz durmuşymyzy daşdan öňürti çägäni guýan bolsak, onda siziň durmuşyňyz hem ownuk zatlara wagtyňyzy sarp edip, durmuşyňyzdaky bolup geçjek uly bagta orun bolmazdy. Çägäni biz siziň uly zatlary satyn almagyňyz, ulag, jaý diýip hasap edip bileris. Bu zatlardan netije alsak meniň aýtjak bolýan zadym siz öz bankaňyzyň içindäki daşlara kän üns bermeli sebäbi olar siziň durmuşyňyzda gaýtalanmajak pursatlarňyzyň bölegidir. Siziň daşlaryňyz saglyk, maşgala, perzent bolýan bolsa ol daşlary siziň esasy ornuňyzy eýelemeli. Durmuşdaky galan ownuk çägeler, baýlyk, ulag, jaý bu zatlary daşlaryň arasy bilen islän wagtymyz dolduryp bileris.”
Oturan talyplaryň biri, “Professor onda siz näme üçin bankanyň içine suw guýduňyz?”
Professor: “Men bu soragy bereniňize begenýän, bu suw bize şeýle düşünjäni aýdyp berýar, siz haçanam bolsa öz durmuşyňyzda nähili başagaý bolýanam bolsaňyz, gerek bolsan zatlarda bankanyň ýokarsyndaky boş galan ýer ýaly siziň durmuşyňyzda hem boş wagt mydam tapylýandyr.” Başagaýlyk bilen öz-özüňizi aldamaň siz öz halaýan zadyňyz üçin wagt tapýaňyz.
25
360
Citc8rcr8cy8jn
27 Mart 2020
Mena halamadym caltrak masgala gurup oynizde oturyn we begenin diyen yaly dusundim

Birem her minut eyyam gic bolup biler wagt hemise tapylyan zat dal gyzyksyz kinony gorup bolamda gynanyan bos gidenwagtym ucin
•Fatima•
27 Mart 2020
Gyzykly?oylandyrya dogry?
Jeren..
27 Mart 2020
Gowy eken❤❤??
Gülhan
27 Mart 2020
Bilyädim şuny..Yene yada salanñyz ucn minnetdar...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.