gullnara_
18.07.2023 20:22
Gyzyň "husyt" aşygyna aýdanlary.

Maňa hüýr-melegim, peýkerim diýdiň,
Diýdiň maňa hemmelerden üýtgeşik.
Men hiç zat diýmedim, sen bolsa birden
Men diýip duşumdan gidipsiň geçip.

Zülpümi on gulaç uzaldyp söýdüň,
Boýumy bir derek ulaldyp söýdüň.
Seniň kem zadyň ýok, emma men diýip
«Aklyňy ýitirdiň, ýanyplar köýdüň».

Sen men diýip ýyldyzlardan ýol sökdüň,
Perhatdanam ötüräýdiň meň üçin,
Ýöne men bir kiçi boýly sada gyz,
Seniň ol aýdýanyň başgadyr mümkin!

«Dünýe malyňy-da» bagş edip maňa,
Meň üçin «ýylatdyň» gyşlaryň sowgun.
Ýöne bir gün ýeri gelende weli,
Bir gül bermäge-de ysmady bognuň.

Dessanlardan «sahylygy» öwrenip,
Söýgiňe eçildiň «baýlygyň» elin,
Diýmek, men-ä seniň söýen gyzyň däl,
Seňem başgaň  biri bolmagyň mümkin.

Şöhrat Agalyýew
26
90
okayjy
18 Iýul 2023
Güli bir ýol ugry seýilgähden ýolyp beräýmeli eken...😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.