atakulyyewa_humay
18.07.2023 18:00
Bu soraga «kim» däl-de «näme?» diýip düzediş berjegiňiz seýrek däldir. «Boing» sözüniň aňladýan manysy biziň durmuşymyzda uçaryň görnüşi hökmünde girdi. Sebäbi laçyn nyşanly türkmen uçarlarynyň hem köpüsi ýokary amatlylykly 757, 737, 717 kysymly «Boing»-lerdir.

«Boing» amerikan uçar konserniniň ady bolup, şol konserniň öndüren uçarlary hem «Boing» diýip atlandyrylýar. Ýöne, bu sözüň adam ady bilen baglydygyny ýadymyzdan çykarmaly däldiris.

Eýsem, Boing kim?

Uilýam Boing (William Boeing (1881-1956)) amerikan awiakonstruktory we senagatçysydyr. Ol 1903-nji ýylda Ýel uniwersitetini tamamlaýar. 1916-njy ýylda özüniň ilkinji uçaryny ýasaýar hem-de «Pacific Aero Products» atly uçar şereketini esaslandyrýar. Birnäçe aý geçeninden soň şereketiň ady «Boeing Airplane Co» diýip üýtgedilýär. 1927-nji ýyla çenli Boingiň şereketi, esasan, harby uçarlary, şeýlede ýük daşaýan uçarlary ýasamaga ýöriteleşýär. 1934-nji ýylda Boing şereketiniň özüne degişli bölegini satýar hem-de çapylýan atlary köpeltmek bilen meşgullanýar. Boingiň uçara bolan söýgüsi, gyzyklanmasy ýok bolup gitmeýär, ikinji jahan urşy döwründe ol özüniň öňki uçar kärhanasynyň maslahatçysy bolýar. Bu kärhana «Boing-707» ýolagçy uçaryny döretmek baradaky taslamanyň üstünde işläp başlaýar.

Täze uçar 1954-nji ýylda doly taýýar bolýar. U.Boing öz kärhanasynda ýasalan ilkinji ýolagçy uçarynyň asmana galşyny görmäge ýetişýär. Häzir «Boing» uçarlarynyň dürli kysymlary öndürilýär. Olaryň birnäçesi dünýä rekordyny goýýar. Meselem, 1989-njy ýylda ulanyşa berlen «Boing-747» uçary dünýäde iň köp ýolagçy ýerleşýän uçar diýlip yglan edildi. Bu uçaryň ganatlarynyň gerimi 64,9 metre, uçuş uzaklygy 13340 kilometr aralyga deňdir. Oňa 566 ýolagçy ýerleşýär.
26
215
wolf
20 Iýul 2023
Humay howwa :)
atakulyyewa_humay
20 Iýul 2023
@wolf, Türkmenistanyn ykdysady we durmuş geografiýasynda diňe ady agzalyp geçilenýändir
atakulyyewa_humay
19 Iýul 2023
@seljukly, Salam. Bilmedim menä.
aikamm
19 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, sagbolun kopkop aydanynyza
atakulyyewa_humay
19 Iýul 2023
@aikamm, Salam. Höwesjeň dereje alsan, ýagny 1000 baldan gecsen günüň dowamynda 2 post paylasyp bolýar, eger 1000 bala yetmedik bolsaň günüň dowamynda yekeje post paylasyp bolýar
aikamm
18 Iýul 2023
Size sorag mn dusnp bilemok kan Owrenmelin icine 1gunde nace post goysan boliamy? Yada 1gunde 1 post goyp boliamy
dowletmyrat1990
18 Iýul 2023
🛩💸👍
wolf
18 Iýul 2023
Geografiyada gecipdik, boing barada da maglumat bardy indi has icgin owrendim 👍
okayjy
18 Iýul 2023
Maglumat 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.