Ýakynda kiçijek bir oglanjygyñ hekaýasyny okapdym...
Kiçijik oglanjyk dynç güni parkda geçirilýän okuw üýşmeleginiñ içinde ýitýär. Ejesi däli ýaly bolup ony gözleýärdi, we biraz soñra çagañky ýaljak sesiñ \"Estella,Estella\" diýip gygyrýan sesini eşitýär. Aýal çagany çalt ýagdaýda tapdy we baryp ony gujaklady. \"Näme üçin maña eje diýip dälde adymy tutyp Estella diýip seslendiñ ?\" diýip sorady, sebäbi çagajyk oña hiç wagt adyny tutup ýüzlenmändi.
\"Neme...\" diýdi kiçijik çaga, \"Eje\" diýip seslenmegimiñ bir peýdasy degmezdi, bäri şonsyzam ejelerden doly ahyry. \"Eje\" diýip seslensem şeýle bir köp eje bar welin, aklyma başga zat gelmedi...
###
Kiçijek gyzjagaz :
- Kaka ! Menem haçan ulanamda seniñ ýaly owadan bolasym gelýär.
- A men ejeñ ýaly owadan bolarsyñ diýip pikir etýän.
- Ýoooook, Ejem ýaly owadan bolmak üçin kän wagt hem-de kän zat gerek. Men gördim. Ejem ilki \"Крем\" çalynýar, soñ \"Тушь\" çalynýar, \"Помада\" çalynýar, soñunda bolsa saçlaryna timar berýär.
A sen bolsa irden turyp ýüziñi ýuwsañ ýeterlik. Sen şeýle owadan KAKA !!!
###
Kiçijik Johnny obanyñ Ruhanysynyñ oglydy.
Bir gün Mugallym synpyna ulalanlarynda kim bolmak isleýändiklerini sorady. Gezek özine gelende Johnny \"Men edil kakam ýaly Ruhany bolmak isleýärin\" diýdi.
Onyñ bu karary Mugallymy begendiripdi we oña näme üçin Ruhany bolmak isleýändigini sorady.
\"Neme...\" diýdi pikirlenýän bir şekilde, \"Barybir dynç günleri Ybadathana gitmäge borçly bolsam, pikir etdim otyryp diñlejegime iñ bolmanda münber çykyp gygyrýan men bolaýyn...\"
📌 Terjime edilen söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ.