gullnara_
17.07.2023 05:31
Gahar etme, aý oglan, söýenok diyp.
Ýüregim söýmese nadip söýeýin?!
Ýürek saýlamasa bolmaýar söýüp.
Ýüregim söýmese nädip söýeýin?!

Gara-gaşly ap-ak yüzüň bolsa-da.
Jan alyjy jellat gözüň bolsa-da.
Ölini direltjek sözüň bolsa-da.
Ýüregim söýmese nädip söýeýin?!

Her işi başaryan zoruň bolsa-da.
Eliňde ,,diplomyň - käriň bolsada".
Belli yigit hyrydarym bolsa-da.
Ýüregim söýmese nadip söýeýin?!

Derek yaly syrdam boyuň bolsa-da.
Bag-bakjaly gözel öyüň bolsada.
Ýüz bagşyly belent toyuň bolsa-da.
Ýüregim söýmese nädip söýeýin?!

awtoryny bilemok 😄
24
114
kese
17 Iýul 2023
Gowy gosgy
okayjy
17 Iýul 2023
Nahili ýürek bu beýle 😅👍
Akgyz💗
17 Iýul 2023
Hakykylaý şol yürek söýmese söýüp bolanok👌👍❤
nuria
17 Iýul 2023
❤️‍🔥❤️‍🔥❤️‍🔥❤️‍🔥
geldiyev99
17 Iýul 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.