hajymyratt
17.07.2023 08:09

Kakaly öý , berk haýatly galadyr,

Duşman sözi ýykyp bilmez ursada.

Gorky bolmaz, hem eýmenmez hiç zatdan,

Diñe mertlik guýar , olar gursaga.


Kakaly öý , şatdyr mydam , bolmaz gam.

Kakañ bolsa, aýdanyñ ýerde ýatmaz.

Añyrsyna göz ýetmejek baýlyk ol.

Ýitiräýseñ ornuny kimse tutmaz.


Kakaly öý , Jennete barabardyr.

Näme diýseñ göni üstüñe geler.

Içi dert bolsa-da kakalarmyzyñ,

Çaganyñ ýüzüne bagt biler güler.


Hajymyrat Goşaýew

19
24
Akgyz💗
17 Iýul 2023
Gowy goşgy eken👍👍👍👍...üstünlik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.