🔹 Boks sportuň bir görnüşi hökmünde 1900-nji ýylda kanunlaşdyrylýar.
🔹 Futbol boýunça ähli dünýä çempionatlaryna gatnaşan ýeke-täk döwlet – Braziliýadyr.
🔹 Hokkeý derwezeçisiniň gorag maskasy ilkinji gezek 1936-njy ýylda ýaponiýaly derwezeçi Tonaki Hoima tarapyndan ulanylýar.
🔹 Stol tennisiniň topjagazynyň agramy 2,5 gramdyr. Professional woleýbolçynyň urgusyndan soň top 130 km. sagat tizlik bilen uçup bilýär. Hokkeýçiniň urgusyndan soň bolsa, şaýba 160 km. sagada çenli tizligini artdyryp bilýär.
🔹 Milli hokkeý ligasynyň taryhynda iň çalt gol derwezä oýun başlanyndan 3 sekunt soň salynýar.
🔹 «Detroid Free Pressiň» geçiren derňewine görä, professional hokkeýçileriň 68 göterimi buzly meýdançada azyndan bir dişini döwdüripdir.
🔹 Watikanyň futbol topary öz taryhynda bary-ýogy bir halkara oýnuny geçiripdir. Monako bilen geçirilen şol oýun 0:0 hasabynda tamamlanýar.
🔹 Dünýädäki iň uzyn basketbolçy hytaýly Sun Minmindir. Onuň boýy – 236 sm, agramy bolsa – 152 kg.
🔹 Milli çempionatlarda ýeňiji bolan iň ýaş türgen ýamaýkaly Jeý Fosterdir. Bu waka 1858-nji ýylda bolup, şol wagt ol oglanjyk bary-ýogy 8 ýaşynda eken.
🔹 Golfuň topunda jemi 336 deşijek bardyr.
🔹 Bowlingi ilkinji gezek b. e. öň 3200-nji ýyllarda oýnap başlapdyrlar. Alymlar müsür ybadathanalarynyň birinden bowling oýnalýan enjamlary tapanlaryndan soň şeýle netijä gelýärler.
🔹 Olimpiýa oýunlarynyň nyşany bolan bäş halkajyk bäş yklymyň birligini aňladýar. Emma ondaky reňkler şol yklymyň öz reňkidigini aňlatmaýar. Bu nyşanyň reňkleri hökmünde döwlet baýdaklarynda iň köp duş gelýän reňkleri saýlapdyrlar.